8‑nji bap
Isa dört müň adamy doýurýar
(Matta 15:32-39)
1 Şol günler ýene bir uly mähelle ýygnandy. Olaryň iýmäge hiç zatlary bolmansoň, Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara: 2 «Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok. 3 Bulary öýlerine aç goýbersem, ýolda ysgyndan gaçarlar. Olaryň käbiri uzak ýerden gelipdir» diýdi. 4 Şägirtleri Ondan: «Bu çöllükde olary doýrar ýaly çöregi nireden tapyp bolarka?» diýip soradylar. 5 Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip, olaryň özlerinden sorady. Olar: «Ýedi sany» diýip jogap berdiler. 6 Onsoň Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çöregi alyp, şükür edeninden soň, bölüşdirdi-de, paýlamak üçin şägirtlerine berdi. Olar hem bulary mähellä paýladylar. 7 Olaryň biraz balyklary hem bardy. Isa şükür edeninden soň, olary hem paýlamagy buýurdy. 8 Hemmeler iýip doýdular, artyp galan bölekleri ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar. 9 Iýenler dört müňe golaý adamdy. Onsoň Isa olary ugratdy. 10 Özi bolsa dessine şägirtleri bilen gaýyga münüp, Dalmanuta sebitlerine gitdi.
Fariseýleriň we Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň!
(Matta 16:1-12)
11 Fariseýler gelip, Isa bilen jedelleşmäge başladylar. Ony synajak bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler. 12 Ol hem ah çekip: «Näme üçin bu nesil alamat talap edýär? Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesle hiç bir alamat görkeziljek däldir» diýdi. 13 Isa olaryň ýanyndan gitdi we ýene gaýyga münüp, beýleki kenara geçdi. 14 Şägirtleri çörek almagy unudan ekenler. Gaýykda ýanlarynda diňe ýekeje çörek bardy. 15 Isa olara: «Hüşgär boluň! Fariseýler bilen Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, duýduryş berdi. 16 Olar bolsa özara çekeleşip: «Isa muny biziň çöregimiziň ýokdugy üçin aýdýar» diýişýärdiler. 17 Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, olardan: «Näme üçin çöregimiz ýok diýşip çekeleşýärsiňiz? Siziň entegem akylyňyz ýetenokmy, düşünmeýärsiňizmi? Ýüregiňiz şeýle gatymy? 18 Gözli bolup, görmeýärsiňizmi? Gulakly bolup, eşitmeýärsiňizmi? Bolup geçen zatlar ýadyňyza düşmeýärmi? 19 Men bäş çöregi bäş müň adama bölüp paýlanymda, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdyňyz?» diýip sorady. Olar: «On iki» diýip jogap berdiler. 20 Isa ýene: «Ýedi çöregi dört müň adama bölüp paýlanymda, artyp galany näçe sebet bolupdy?» diýip sorady. Olar: «Ýedi» diýdiler. 21 Şonda Isa olara: «Entek hem düşünmeýärsiňizmi?» diýdi.
Isa kör adamy sagaldýar
22 Onsoň Isa bilen şägirtleri Betsaýda geldiler. Ol ýerde Isanyň ýanyna bir kör adamy getirdiler we oňa elini degirmegini sorap, Oňa ýalbardylar. 23 Isa kör adamyň elinden tutup, ony obanyň daşyna çykardy. Isa onuň gözlerine tüýkürip, ellerini onuň başyna goýup: «Bir zat görýärsiňmi?» diýip sorady. 24 Kör başyny galdyryp: «Adamlary görýärin, olar ýöräp barýan agaçlar ýaly bolup görünýär» diýdi. 25 Isa ýene-de ellerini onuň gözlerine goýdy. Kör çiňerilip seretdi, şypa tapyp, bar zady aýdyň gördi. 26 Isa: «Oba girme*» diýip, ony öýüne iberdi.
Petrus Isanyň Mesihdigini ykrar edýär
(Matta 16:13-20; Luka 9:18-21)
27 Isa şägirtleri bilen Kaýsariýa-Filip şäheriniň golaýyndaky obalara gitdi. Ýolda Isa şägirtlerinden: «Adamlar Maňa kim diýýärler?» diýip sorady. 28 Şägirtleri: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri-de – pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler. 29 Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Mesihsiň» diýip jogap berdi. 30 Şonda Isa olara Özi hakynda hiç kime hiç zat aýtmazlygy tabşyrdy.
Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar
(Matta 16:21-28; Luka 9:22-27)
31 Onsoň Isa şägirtlerine Ynsan Oglunyň köp görgüler görmelidigi, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi we üç günden soň direlmelidigi hakynda öwretmäge başlady. 32 Ol bu sözleri açyk aýtdy. Petrus bolsa Ony bir çete çekip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady. 33 Emma Isa öwrülip, şägirtlerine seretdi we Petrusa: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýip käýedi. 34 Isa şägirtleri bilen birlikde mähelläni-de ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düşsün. 35 Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder. 36 Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? 37 Ynsan öz janyna derek näme berip biler? 38 Bu biwepa, günäkär nesliň arasynda kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Atasynyň şöhratynda mukaddes perişdeleri bilen gelen mahaly ondan utanar».