9-njy bap
1 Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Hudaýyň Şalygynyň gudrat bilen gelýänini görmezden ölmezler».
Isanyň keşbi üýtgeýär
(Matta 17:1-13; Luka 9:28-36)
2 Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. 3 Onuň eginbaşy gözüňi gamaşdyryp barýan ap-ak reňke öwrüldi welin, ýer ýüzünde hiç kim ony beýle agardyp biljek däldi. 4 Şonda şägirtlere Ylýas bilen Musa göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular. 5 Petrus Isa: «Mugallym! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, gel, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. 6 Gaty gorkandyklary üçin, Petrus näme diýýänini özi hem bilenokdy. 7 Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. 8 Birdenkä şägirtler daş-töweregine seretdiler, emma öz ýanlarynda Isadan başga hiç kime gözleri düşmedi. 9 Onsoň dagdan inip gelýärkäler, Isa olara Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, bu gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy buýurdy. 10 Şägirtler Onuň bu sözüni ýüreklerinde saklap, ölümden direlmegiň näme aňladýandygy barada biri-birlerinden soraýardylar. 11 Olar Isadan: «Näme üçin Töwrat mugallymlary öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. 12 Isa hem olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. Emma Ynsan Oglunyň köp görgi görüp, ret edilmelidigi hakynda hem ýazylan ahyryn. 13 Men size şuny aýdýaryn: Ylýas birwagt geldi we ol hakda ýazylyşy ýaly, oňa islän zatlaryny etdiler» diýdi.
Isa arwah-jyn eýelän oglany sagaldýar
(Matta 17:14-23; Luka 9:37-45)
14 Olar beýleki şägirtleriň ýanyna gelenlerinde, olaryň daşyna üýşüp duran uly mähelläni gördüler. Töwrat mugallymlaryň käbiri şägirtler bilen jedelleşip durdy. 15 Tutuş mähelle Isany gören badyna, geň galdy we hemmeler dessine ylgaşyp gelip, Oňa salam berdiler. 16 Isa adamlardan: «Bular bilen näme hakda jedelleşýärsiňiz?» diýip sorady. 17 Mähelläniň içinden biri Oňa: «Mugallym! Seniň ýanyňa oglumy getirdim. Arwah-jyn ol geplemez ýaly, onuň dilini baglady. 18 Arwah-jyn ony tutanda ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dişlerini gyjyrdadyp gatap galýar. Seniň şägirtleriňden oglumdan arwah-jyny kowup çykarmaklaryny haýyş etdim, ýöne olar başarmady» diýip jogap berdi. 19 Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siziň bilen bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi. 20 Olar ony Isanyň ýanyna getirdiler. Arwah-jyn Isany gören badyna, oglany gaty silterledi. Oglan ýere ýazylyp, agzyny köpürjikledip, togalanmaga başlady. 21 Isa oglanyň kakasyndan: «Munuň beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri şeýle. 22 Arwah-jyn ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Gaýrat et-de, başardygyňdan kömek et, bize haýpyň gelsin!» diýdi. 23 Isa oňa: «Başardygyňdan diýmäň näme?* Iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi. 24 Şobada oglanyň kakasy aglap: «Iman edýärin, imansyzlygymy ýeňmäge kömek et!» diýip gygyrdy. 25 Isa mähelläniň ylgaşyp gelýänini görende, arwah-jyna käýäp: «Eý, kerlik hem lallyk ruhy! Saňa buýurýaryn, oglanyň içinden çyk, oňa gaýdyp girme!» diýdi. 26 Arwah-jyn gygyryp, oglany has beter silterledi-de, ondan çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin ol ýerdäkileriň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi. 27 Emma Isa oglanyň elinden tutup galdyrdy, ol hem ýerinden turdy. 28 Isa öýe girenden soň, şägirtleri özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin arwah-jyny çykaryp bilmedik?» diýip soradylar. 29 Isa olara: «Bu hili arwah-jynlary Hudaýa doga-dileg etmekden* başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir» diýdi.
Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar
30 Olar ol ýerden çykyp, Jeliläniň üstünden geçdiler. Isa özleriniň niredediklerini hiç kimiň bilmegini islemeýärdi. 31 Ol şägirtlerine: «Ynsan Ogly ynsanlaryň eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç günden soň, Ol direler» diýdi. 32 Emma olar bu sözlere düşünmediler, soramaga-da gorkdular.
Iň beýik kim?
(Matta 18:1-5; Luka 9:46-48)
33 Olar Kapernauma bardylar. Öýe girenden soň, Isa olardan: «Ýolda näme hakda jedelleşýärdiňiz?» diýip sorady. 34 Emma olaryň hiç birinden ses çykmady, sebäbi ýolda biri-birleri bilen kimiň iň beýikdigi hakda jedelleşipdiler. 35 Isa oturyp, Onkileri ýanyna çagyryp, olara: «Biri ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäniň soňkusy hem hyzmatkäri bolmalydyr» diýdi. 36 Onsoň bir çagany alyp, olaryň ortasynda duruzdy-da, ony gujaklap, olara: 37 «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim Meni kabul etse, Meni däl-de, Meni Ibereni kabul edýändir» diýdi.
Bize garşy bolmadyk biziň tarapymyzdadyr
(Luka 9:49,50)
38 Ýohanna Isa ýüzlenip: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen arwah-jynlary çykarýan bir adamy gördük, ýöne onuň biziň bilen bile däldigi üçin, ony togtatmak isledik» diýdi. 39 Isa: «Ony togtatmaň! Çünki Meniň adym bilen mugjyza görkezip, yzysüre Meni ýamanlap biljek adam ýokdur. 40 Kim bize garşy bolmasa, biziň tarapymyzdadyr. 41 Mesihe baglydygyňyz üçin, kim Meniň adym bilen size bir käse suw berse, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz» diýdi.
Günä gazandyrýan zatlary taşlaň
(Matta 18:6-9; Luka 17:1,2)
42 Isa ýene söze başlady: «Kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňze zyňlany has gowy bolar. 43 Eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Golak bolup baky ýaşaýşa gowuşmak, iki elli bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.* 45 Eger aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony çap. Saňa çolak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki aýakly bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.* 47 Eger gözüň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar. Saňa ýeke gözli bolup Hudaýyň Şalygyna girmek, iki gözli bolup dowzaha zyňylmakdan gowudyr. 48 ‡Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez. 49 Hemmeler otda duzlanar*. 50 Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa nädip tagam berersiňiz? Duz ýaly tagamly boluň, özara parahatlykda ýaşaň».