28‑nji bap
Isa direlýär
(Mark 16:1-10; Luka 24:1-12; Ýohanna 20:1-10)
1 Sabat güni geçenden soň, hepdäniň birinji güni* ir säher bilen magdalaly Merýem we beýleki Merýem mazary görmäge gitdiler. 2 Birdenkä güýçli ýer titredi. Rebbiň bir perişdesi gökden inip, daşy bir çete togalady-da, onuň üstünde oturdy. 3 Onuň görnüşi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy, eginbaşy gar ýaly akdy. 4 Sakçylar gorkularyndan ýaňa sandyraşyp, öli kimin ýere ýazyldylar.
5 Perişde aýallara: «Gorkmaň! Men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin. 6 Ol bu ýerde ýok. Ol Öz aýdyşy ýaly direldi. Bäri geliň-de, Onuň ýatan ýerini görüň. 7 Indi çalt gidip, Onuň şägirtlerine: „Isa direlipdir, Ol sizden öň Jelilä barýar. Siz Ony şol ýerde görersiňiz“ diýiň. Gulak asyň, men size muny aýdandyryn» diýdi.
8 Aýallar gorky hem şatlyk bilen howlugyşyp, mazardan uzaklaşdylar. Olar ylgaşyp, Isanyň şägirtlerine habar bermäge gitdiler. 9 Birdenkä olara Isa duşup: «Salam!» diýdi. Olar hem Onuň ýanyna gelip, aýagyna ýykylyp, Oňa sežde etdiler. 10 Onsoň Isa olara: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler» diýdi.
Sakçylaryň getiren habary
11 Aýallar heniz ýoldakalar, sakçylaryň birnäçesi şähere baryp, bolan ähli zatlary ýolbaşçy ruhanylara habar berdiler. 12 Olar ýaşulular bilen ýygnanyşyp, maslahat geçirenlerinden soň, esgerlere köp pul berip: 13 «Siz halka: „Biz gije ýatyrkak, şägirtleri gelip, Onuň jesedini ogurlap gidipdirler“ diýiň. 14 Bu habar häkimiň gulagyna baryp ýetse, ony ynandyryp, biz sizi aladadan dyndararys» diýdiler. 15 Garawullar puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýahudylaryň arasynda şu güne çenli hem dowam edip gelýär.
Iň soňky tabşyryk
(Mark 16:14-18; Luka 24:36-49; Ýohanna 20:19-23; Resul 1:6-8)
16 Şunluk bilen, on bir şägirt Jelilä, Isanyň aýdan dagyna gitdi. 17 Isany görüp, Oňa sežde etdiler, emma olaryň käbiri şübhelendi. 18 Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi. 19 Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň. 20 Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.*