Malaky pygamberiň kitaby
Giriş
Malaky pygamberiň kitaby b. e. öň takmynan V asyrda, ýagny Iýerusalimdäki ybadathana dikeldilenden soň ýazylypdyr diýip hasaplanylýar. Malaky pygamber halky Hudaýyň ähtine wepaly bolmaga çagyrýar. Ol ruhanylary we halky ýazgaryp, olaryň Hudaýa mynasyp tärde sežde etmeýändiklerini, Ony aldaýandyklaryny aç-açan aýdýar. Pygamber olaryň Hudaýyň taglymatyna eýermeýändiklerini, Ony sylamaýandyklaryny hem aýdýar. Malaky pygamber Rebbiň Öz halkyny päklemäge we oňa kazylyk etmäge geljekdigi, emma munuň öň ýanynda Onuň üçin ýol taýynlajak we ähtini jar etjek bir wekilini iberjekdigi barada pygamberlik edýär.
Mazmuny
Ysraýylyň günäleri1:1–2:16
Rebbiň jezasy we rehim-şepagaty2:17–4:6