Zakarýa pygamberiň kitaby
Giriş
Zakarýa pygamberiň kitaby iki bölümden ybarat. Onuň birinji bölüminde Zakarýa pygamberiň b. e. öň 520 – 518‑nji ýyllary aralygynda gören görnüşleri beýan edilýär. Pygamber Iýerusalimiň dikeldilmegi, ybadathananyň gaýtadan bina edilmegi, Hudaý halkynyň günälerden päklenmegi, seçip-saýlanan Mesihiň geljekdigi barada görnüşleri görýär (1 – 8‑nji baplar).
Kitabyň ikinji bölüminde umyt bilen garaşylýan Halasgär we iň soňky höküm edilme baradaky görnüşler beýan edilýär (9 – 14‑nji baplar).
Şeýle-de, kitapda ahyrzaman baradaky pygamberlikler beýan edilýär. Bu pygamberlikler özboluşlydyr, sebäbi olar islendik döwrüň okyjysyna örän ýakyn, ýagny tizara berjaý boljak pygamberlik ýaly görünýär.
Mazmuny
Duýduryş we umyt baradaky görnüşler1:1–8:23
Ysraýylyň duşmanlary jezalandyrylýar9:1-8
Gelejekki abadançylyk we parahatlyk9:9–14:21