Hagaý pygamberiň kitaby
Giriş
Hagaý pygamberiň kitaby b. e. öň 520‑nji ýylda Hudaý tarapyndan gelen gysga ylhamlaryň beýanydyr. Ysraýyl halky Babyl sürgünliginden dolanyp, eýýäm birnäçe ýyl bäri Iýerusalimde ýaşaýar. Emma duşmanlaryň weýran eden ybadathanasy heniz-de haraba bolup ýatyr. Hudaýdan gelen ylhamlar halky ybadathanany dikeltmäge ruhlandyrýar. Özgerip, özüni päklän halka Reb gelejekde abadanlygy we parahatlygy wada berýär.
Mazmuny
Ybadathanany täzeden gurmaga çagyryş1:1-15
Teselli we umyt baradaky habar2:1-23