Sepanýa pygamberiň kitaby
Giriş
Sepanýa pygamber b. e. öň VII asyryň ikinji ýarymynda wagyz eden pygamberdir. Alymlaryň çaklamalaryna görä, ol Ýoşyýa patyşanyň b. e. öň 621‑nji ýylda dini özgertmeleri girizmeziniň öň ýanynda wagyz edipdi (2Pat 22‑nji bap).
Kitapda Rebbiň höküm güni we hopukdyryjy weýrançylyklar baradaky pygamberlikler beýan edilýär. Ýahudy halky butlara sežde edýändigi üçin Reb tarapyndan jezalandyrylar. Reb beýleki halkalary hem jezalandyrar. Iýerusalim hem höküm ediler. Emma muňa garamazdan, onda ýaşaýan pespäl we dogruçyl adamlar arkaly şäher gaýtadan dikeldiler.
Mazmuny
Rebbiň höküm etjek güni1:1–2:3
Ysraýylyň goňşularynyň höküm edilmegi2:4-15
Iýerusalimiň geljegi3:1-20