Habakuk pygamberiň kitaby
Giriş
Habakuk pygamber Hudaýdan gelen görnüşleri b. e. öň VII asyrda görýär. Şol döwürde Babyl şalygy dünýä agalyk sürýärdi. Pygamber babyllylaryň beýleki halklara edýän sütemlerini görüp, Rebbe şeýle sözler bilen ýüzlenýär:
«Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýaň, erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen näme dymýaň?»
1:13.
Reb hem muňa jogap berip, wagty gelende hereket etjekdigini, dogruçylyň bolsa iman bilen ýaşajakdygyny aýdýar.
Habakuk pygamber erbetleriň jezalandyryljakdygy baradaky pygamberlikleri hem aýdýar. Kitap onuň berk imanyny beýan edip, beýik Hudaýyň şanyna aýdylýan öwgi nagmasy bilen tamamlanýar.
Mazmuny
Habakuk pygamber şikaýat edýär we Reb jogap berýär1:1–2:4
Erbetler jezalandyrylýar2:5-20
Habakugyň doga-dilegi3:1-19