Nahum pygamberiň kitaby
Giriş
Nahum pygamberiň kitaby goşgy görnüşinde ýazylandyr. Kitapda Aşur şalygynyň paýtagty Ninewäniň synmagy beýan edilýär. Aşur şalygy Ysraýylyň köne we ýowuz duşmanydy. Hudaý bu şähere ozal Ýunus pygamber arkaly duýduryş berip, gahar-gazabyny ondan sowupdy. Emma aşur milletiniň gitdigisaýy artýan zalymlygy, tekepbirligi we rehimsizligi Hudaýyň sabyr käsesini pürepür edensoň, Ol Öz gahar-gazabyny onuň üstünden inderip, ony jezalandyrýar. Bu wakalar b. e. öň VII asyryň ahyrlarynda bolup geçýär.
Mazmuny
Ninewäniň höküm edilmegi1:1-15
Ninewäniň synmagy2:1–3:19