Mika pygamberiň kitaby
Giriş
Mika Işaýa pygamberiň döwründe ýaşan pygamberdir. Ol günorta patyşalygy Ýahuda degişli şäherçeleriň birinde ýaşaýardy. Amos pygamber öz wagtynda demirgazyk patyşalygy milli betbagtçylyga uçrar diýip duýdurypdy. Mika pygamber hem öz gezeginde şeýle betbagtçylygyň Ýahuda ýurduna hem injekdigi barada pygamberlik edýär. Demirgazyk we günorta patyşalyklaryň üstünden inen betbagtçylygyň sebäpleri meňzeşdi: Hudaý adalatsyzlygy ýigrenýändigi üçin, adalatsyzlyk edýän adamlary jezalandyrýardy. Ýöne Mika pygamberiň pygamberlik sözleri has aýdyň bolup, olarda gelejege bolan berk umyt bardyr.
Hudaýyň hökmürowanlyk sürmeginde tutuş älem-jahanda parahatlygyň boljagy (4:1-4) we Dawudyň neslinden doglup, milletlere parahatlyk getirjek beýik Patyşa (5:2-5) baradaky Mikanyň pygamberliklerini aýratyn belläp geçmek bolar. Ysraýyl pygamberleriň aýdanlarynyň jemi Mika pygamberiň kitabynyň bir aýadynda jemlenendir:
«Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?»
6:8.
Mazmuny
Ysraýylyň we Ýahudanyň höküm edilmegi1:1–3:12
Galkynyş we parahatlyk4:1–5:15
Duýduryş we umyt habary6:1–7:20