Ýunus pygamber
Giriş
Ýunus pygamber kitaby beýleki pygamberleriň kitaplaryndan tapawutlanýar. Bu kitapda b. e. öň VIII asyrda ýaşan Ýunus pygamberiň başdan geçiren wakalary beýan edilýär.
Hudaý Ýunusa Ysraýyl ýurdunyň ganym duşmany bolan Aşur patyşalygynyň paýtagty Ninewä gitmegi we «onuň halkynyň günäkärdigini jar etmegi» buýurýar. Emma Ýunus Hudaýyň habaryny ol ýere ýetirmekden gorkup, bütinleý başga ugra gidýän gämä münýär. Onuň münen gämisi ýolda heläkçilige uçraýar, deňiz balygy ony ýuwudýar. Ýunus ahyrsoňy Rebden medet diläp, Onuň rehimdarlygyna we geçirimliligine bil baglaýar. Başdan geçiren howsalaly wakalardan soň, Ýunus höwes bilen Hudaýyň emrine boýun bolýar.
Ýunus pygamberiň kitabynda Hudaýyň Öz ýaradanlarynyň ählisine erkiniň ýetýändigi, şol bir wagtyň özünde-de, olary söýýändigi, rehimlidigi, geçirimlidigi, hatda Öz halkynyň duşmanlaryny jezalandyrmagyň, ýok etmegiň deregine olary goraýandygy görkezilýär.
Mazmuny
Ýunus pygamber çagyrylýar, ýöne ol boýun bolmaýar1:1-16
Ýunus toba gelip, halas edilýär2:1-11
Ýunus Ninewäniň ýykyljakdygyny aýdýar3:1-10
Hudaý Ninewä rehim edýär4:1-11