Abadýa pygamberiň kitaby
Giriş
B. e. öň 586-njy ýylda Iýerusalim şäheri babyllylar tarapyndan weýran edilýär. Abadýa pygamberiň kitaby hem şu wakalaryň bolup geçen döwründen soň ýazylypdyr diýip hasaplanylýar. Iýerusalimiň weýran edilmegine ysraýyllaryň gadymy duşmany bolan edomlylar gaty begenýärler. Olar diňe begenmek bilen çäklenmän, basybalyjylara kömek berip, şäheri talaýarlar. Abadýa pygamber Hudaýdan ylham alyp, ysraýyl halkynyň duşmanlary bolan edomlylaryň we beýleki halklaryň jezalandyryljakdygy barada pygamberlik edýär.
Mazmuny
Edom ýurduna garşy pygamberlik1:1-14
Rebbiň güni1:15-21