Amos pygamberiň kitaby
Giriş
Amos pygamber Hudaýdan ylham alan pygamberleriň biridir. Mukaddes Ýazgylarda şeýle ylhamlaryň jikme-jik beýany ilkinji gezek hut şu kitapda duş gelýär.
Amos pygamber asly boýunça Ýahuda şäherinden bolsa-da, ol Ysraýyl patyşalygynyň demirgazyk çäklerinde ýaşaýan adamlar barada pygamberlik edipdir. Ol bu pygamberlikleri takmynan b. e. öň VIII asyrda aýdypdyr. Şol döwürde ýurduň abadançylygy pajarlap ösüpdir, halk Hudaýa sežde edip, parahat ýaşapdyr. Emma Amos bu abadançylygyň we bolelinligiň diňe baýlar üçindigini görýär. Ol ýurtda adalatsyzlygyň artýandygyny we garyp-pukaralaryň ezilýändigini görýär. Hudaýa edilýän seždeler päk ýürekden edilmändir, parahatlyk bolsa göze görünýän salgym ýaly bolupdyr. Şonuň üçin-de, Amos Hudaýyň ýurdy jezalandyrjakdygy barada batyrgaýlyk bilen pygamberlik edýär. Ol adalatlylygy «derýa kimin joşdurmaga» (5:24) çagyrýar. Amos pygamber: «Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder» (5:15) – diýip umyt edýär.
Mazmuny
Ysraýylyň töweregindäki ýurtlaryň höküm edilmegi1:1–2:5
Ysraýylyň höküm edilmegi2:6–6:14
Bäş görnüş7:1–9:15