3‑nji bap
Reb milletlere jeza berjek
1 «Ine, şonda, Ýahuda bilen Iýerusalimiň öňki abadançylygyny dikelden günlerimde, 2 Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat* jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler, 3 Meniň halkym üçin bije atdylar, oglany loly üçin, gyzy şerap içmek üçin satdylar. 4 Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn. 5 Çünki siz Meniň altyn-kümşümi, saýlama hazynamy buthanalaryňyza äkitdiňiz. 6 Siz Ýahuda we Iýerusalim halklaryny öz çäklerinden uzaklaşdyryp, olary grek halkyna satdyňyz. 7 Indi bolsa olary şol ýerden aýaga galdyryp, edenleriňizi öz başyňyza salýan Mendirin. 8 Men siziň oguldyr gyzlaryňyzy Ýahuda halkyna sataryn, ol hem siziň çagalaryňyzy uzakdaky Şebalylara satar». Muny Reb aýtdy.
9 Muny halklar arasynda jar ediň:
«Söweş üçin taýýarlyk görüň,
batyrlary aýaga galdyryň,
goý, esgerleriň bary jemlensin.
10 Azallaryňyzdan gylyçlar,
oraklaryňyzdan naýzalar ýasaň;
ejiz „men güýçli“ diýsin.
11 Eý, töwerekdäki ähli milletler,
howlugyň, üýşüp ýygnanyň!
Ýa Reb, aşak indir Öz batyrlaryňy!»
12 «Goý, milletler galkynsyn,
Ýehoşapat jülgesine insin,
çünki çar tarapdan gelen milletlere
höküm çykarmak üçin,
Men şol ýerde oturjak.
13 Oraklaryňyzy işlediň,
çünki hasyl ýetişdi;
üzüm sykylýan ýeri doly,
Çelekler dolup daşýança basgylaň.
Çünki hetden aşdy pislikleri milletleň».
14 Höküm jülgesinde
Birgiden mähelle, ägirt mähelle!
Çünki Rebbiň güni
höküm jülgesine golaýdyr.
15 Günüň, Aýyň ýüzi garalýar,
ýyldyzlar hem şöhlesini saçmaýar.
16 Reb gümmürdeýär Siondan
hem seslenýär Iýerusalimden.
Asman bilen ýer lerzana gelýär.
Emma Reb Öz halkyna penadyr,
hem ysraýyl halky üçin galadyr.
17 «Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň
mukaddes dagym Sionda
mesgen tutandygymy bilersiňiz.
Iýerusalim hem mukaddes bolar,
kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.
18 Şol gün şeýle bolar:
Daglardan täze şerap damar,
baýyrlardan süýt akar,
Ýahuda jarlarynyň ählisi
suwdan dolar.
Rebbiň öýünden gözbaş ýarylyp,
Şitim jülgesiniň gury jarlaryny gandyrar.
19 Weýran bolar Müsür,
döner çöllüge Edom,
çünki olar ýahuda halkyna
etdiler sütem;
boýadylar topraklaryny
bigünä gana.
20 Ýöne baky mesgen bolar Ýahuda,
Iýerusalim-de bolar nesilden-nesle.
21 Men alaryn ganlarynyň hununy
hem-de aklamaryn günäni,
çünki Reb Sionda mesgen tutýandyr».