Hoşeýa pygamberiň kitaby
Giriş
Hoşeýa pygamber Amos pygamberden soň ýaşan pygamberdir. Ol Hudaýdan gelen ylhamy Demirgazyk Ysraýyl patyşalygynda kabul edýär. Hoşeýa demirgazyk paýtagtyň, ýagny Samariýanyň b. e. öň 721‑nji ýylda synmagyndan ozal bolan muşakgatlyk döwründe pygamberlik edýär. Halkyň butparazlyga ýüz urup, Hudaýa dönüklik etmegi Hoşeýa pygamberi örän gynandyrýar. Ol bu dönükligi aýdyň görkezmek üçin, zynagär aýala öýlenýär. Aýalynyň oňa dönüklik edişi ýaly, ysraýyl halky hem öz Hudaýyna dönüklik edýär. Pygamber olaryň şeýle biwepalyklary öz üstlerine jeza bolup injekdigini aýdýar. Emma iň soňunda Hudaýyň Öz halkyna bolan sadyk söýgüsi (2:19; 4:1; 6:4, 6; 10:12; 12:7) Onuň gahar-gazabyndan üstün çykýar. Hudaý söýgüli halkyny Özüne gaýtaryp, gatnaşygy dikeldýär. Hudaýyň sadyk söýgüsi 11:8-de şeýle beýan edilýär: \it «Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl?… Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady».
Mazmuny
Hoşeýa pygamberiň nikasy we maşgalasy1:1–3:5
Ysraýyla garşy pygamberlik4:1–13:15
Ysraýyl halky toba edensoň, Reb wada berýär14:1-10