Danyýel pygamberiň kitaby
Giriş
Danyýel pygamberiň kitaby ýahudy halkynyň keseki patyşa tarapyndan sütemlere we yzarlanmalara sezewar edilen döwründe ýazylandyr. Pygamber taryhy wakalary we gören görnüşlerini ulanyp, öz döwürdeşlerine umytdan düşmezligi ündeýär. Ol Hudaýyň zalym patyşany tagtdan syndyryp, Öz halkynyň garaşsyzlygyny dikeltjekdigini aýdýar.
Kitap iki bölümden ybarat. Birinji bölümde Danyýel pygamber we onuň sürgün döwründäki dostlary barada gürrüň berilýär. Ol öz dostlary bilen ýeke-täk diri Hudaýa bolan imanlary we tabynlyklary arkaly öz duşmanlaryndan üstün çykýar. Bu wakalar Babyl we Pars şalyklarynyň bolan döwründe bolup geçýär.
Kitabyň ikinji bölüminde Danyýel pygamberiň gören görnüşleri beýan edilýär. Pygamber bu görnüşlerde Babyl we beýleki güýçli şalyklaryň ilki güýçlenip, soňra synjakdygyny, imansyz sütemkärleriň ýok ediljekdigini we Hudaýyň halkynyň üstün çykjakdygyny aňladýan alamatlary görýär. Şeýle-de bu bölümde ahyrzaman baradaky pygamberlikler beýan edilýär. Bu pygamberlikler özboluşlydyr, sebäbi olar islendik döwrüň okyjysyna örän ýakyn, ýagny tizara berjaý boljak pygamberlik ýaly görünýär. Kitabyň esasy pikiri «Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaý höküm sürýär» (5:21) diýen aýatda jemlenendir. Danyýel pygamberiň gören görnüşleriniň hemmesi Hudaýyň hökmürowanlygynyň dünýä şalyklaryndan üstündigini habar berýär.
Mazmuny
Danyýel pygamber we onuň dostlary1:1–6:28
Danyýel pygamberiň gören görnüşleri7:1–12:13
Dört jandar hakyndaky görnüş7:1-28
Goç we erkeç hakyndaky görnüş8:1–9:27
Asmandan inen ilçi10:1–11:45
Ahyrzaman12:1-13