48‑nji bap
Ýurduň tirelere paýlanylyşy
1 Tireleriň atlary şulardyr:
Dan tiresine bir paý berler. Onuň paýy demirgazyk araçäkden başlap, Hetlon ýolunyň ugry bilen Lebohamatdan Hasareýnana çenli, gündogardan günbatara tarap uzalar. Ol paý Damask araçäginde bolup, onuň demirgazygynda Hamat ýerleşýär. 2 Aşer tiresine bir paý berler. Olaryň araçägi dan tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer. 3 Naftaly tiresine bir paý berler. Onuň araçägi aşer tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer. 4 Manaşa tiresine bir paý berler. Onuň araçägi naftaly tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer. 5 Efraýym tiresine bir paý berler. Onuň araçägi manaşa tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer. 6 Ruben tiresine bir paý berler. Onuň araçägi efraýym tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer. 7 Ýahuda tiresine bir paý berler. Onuň araçägi ruben tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.
8 Ýahuda tiresiniň gündogardan günbatara çenli uzalýan ýerleri sadaka hökmünde Men–Rebbe berler. Onuň ini ýigrimi bäş müň tirsek bolup, uzynlygy gündogardan günbatara çenli paýlanan her bir tiräniň mülküne deň bolsun; mukaddes öý onuň ortasynda bolar. 9 Bu ýeriň bir bölegi iň mukaddes paý bolar. Onuň uzynlygy ýigrimi bäş müň we ini ýigrimi müň* tirsek bolar. 10 Bu ýeriň bir bölegi ruhanylara paý bolar; onuň demirgazyga tarap uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, günbatara we gündogara tarap ini on müň, günorta tarap uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek bolar. Rebbiň mukaddes öýi onuň ortasynda bolar. 11 Bu paý Maňa ruhanyçylyga bagyş edilen Sadok nesilleri üçindir. Olar öýümiň goramak keşigini çekdiler. Ysraýyl halky ýoldan çykanda, lewiler hem ýoldan çykdylar, emma Sadok nesilleri Maňa wepaly boldular. 12 Ýurdy mülk hökmünde böleniňizde, Lewileriň araçäginiň ýanyndan bu ýeri ruhanylara ber; ol iň mukaddes paý bolar. 13 Lewileriň paýy bolsa ruhanylaryň araçäginiň garşysynda bolup, uzynlygy ýigrimi bäş müň, ini on müň tirsek bolar. Tutuş uzynlygy ýigrimi bäş müň, ini on müň tirsek bolar. 14 Lewiler ol ýeri satmazlar ýa-da başga ýere çalyşmazlar. Bu ýurduň iň oňat paý ýeridir, ol başga birine geçmez, çünki bu ýer Men–Rebbe bagyş edilendir.
15 Ini bäş müň, uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek bolan artyp galan ýer ýaşamak we açyk meýdan hökmünde şäher üçin umumy ýer bolar. Şäher onuň ortasynda ýerleşer. 16 Onuň ölçegi şeýle bolar: demirgazyk, günorta, gündogar we günbatar taraplaryň her biri dört müň bäş ýüz tirsege deň bolar. 17 Şäheriň açyk meýdanlary bolar: olar demirgazyga, günorta, gündogara we günbatara tarap iki ýüz elli tirsek ölçegde bolar. 18 Mukaddes paýyň araçäginde artyp galan ýeriň gündogar tarapy hem, günbatar tarapy hem on müň tirsek bolar; ol mukaddes paýyň gapdalynda ýerleşer. Onuň hasyly şäheriň işçileri üçin iýmit bolar. 19 Ol ýeri Ysraýylyň ähli tirelerinden bolan şäher ilaty ekip bejerer. 20 Siziň sadaka hökmünde Men–Rebbe goýan tutuş paýyňyz dörtburçluk şekilinde bolup, her tarapy ýigrimi bäş müň tirsek bolar; mukaddes paýy şäheriň mülki bilen birlikde sadaka hökmünde berersiňiz. 21 Şäheriň mülki bilen mukaddes paýyň her ýanyndan artyp galan ýer hökümdaryňky bolar. Bu ýerler mukaddes paýa düşen ýigrimi bäş müň tirseklik bölegiň gündogaryndan we günbataryndan ýurduň gündogar we günbatar araçäklerine tarap uzalar. Tirelere düşen paýlar boýunça uzalýan bu iki bölek hökümdaryňky bolar. Hudaýyň öýüniň mukaddes ýeri bilen mukaddes paýy onuň ortasynda bolmalydyr. 22 Lewilere düşen paý bilen şähere düşen paý hökümdara berlen ýerleriň ortasynda galar. Hökümdara beriljek ýerler ýahuda tiresi bilen benýamin tiresiniň araçäkleriniň arasynda bolar.
23 Galan tirelere düşen ýer paýlary: benýamin tiresine bir paý berler. Onuň araçägi gündogardan günbatara çenli uzalyp gider. 24 Şimgon tiresine bir paý berler. Onuň araçägi benýamin tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer. 25 Ysakar tiresine bir paý berler. Onuň araçägi şimgon tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer. 26 Zebulun tiresine bir paý berler. Onuň araçägi ysakar tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer. 27 Gat tiresine bir paý berler. Onuň araçägi zebulun tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer. 28 Gat tiresiniň gündogar araçägi Tamardan gündogara, ol ýerden hem Meribakadeş çeşmesine çenli we Müsür derýasyndan Ortaýer deňzine çenli uzalar. 29 Mülk hökmünde ysraýyl tireleriniň arasynda paýlamaly ýurduňyz şudur, bular olaryň paýlary bolar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
30-31 Şäheriň çykalgalary şular bolup, olar şäheriň ysraýyl tireleriniň atlaryna görä atlandyrylar. Dört müň bäş ýüz tirsek uzynlykda demirgazyk tarapynyň üç derwezesi bolar: Ruben derwezesi, Ýahuda derwezesi, Lewi derwezesi. 32 Dört müň bäş ýüz tirsek uzynlykda gündogar tarapynyň hem üç derwezesi bolar: Ýusup derwezesi, Benýamin derwezesi, Dan derwezesi. 33 Dört müň bäş ýüz tirsek uzynlykda günorta tarapynyň üç derwezesi bolar: Şimgon derwezesi, Ysakar derwezesi, Zebulun derwezesi. 34 Dört müň bäş ýüz tirsek uzynlykda günbatar tarapynyň üç derwezesi bolar: Gat derwezesi, Aşer derwezesi, Naftaly derwezesi. 35 Şäheriň tutuş töweregi on sekiz müň tirsek bolar. Şol günden başlap, şäheriň ady «Reb ol ýerdedir» bolar.