Ýermeýa pygamberiň agysy
Giriş
Bu kitap ýewreý dilinde «Nädip?» diýmegi aňladýar, ýöne beýan edýän wakalaryna görä Ýermeýanyň agysy diýip atlandyrylýar. Kitaby kimiň ýazandygy anyk mälim bolmasa-da, ony Ýermeýa pygamber ýazypdyr diýip hasaplaýarlar. Taryhy wakalaryň beýanyna görä, b. e. öň 586-njy ýylda, ýagny Iýerusalimiň weýran edilen wagtynda Ýermeýa pygamber şol ýerdedi. Bu bolsa kitap Ýermeýa pygamber tarapyndan ýazylandyr diýip pikir etmäge doly esas berýär. Mukaddes Ýazgylarda ahy-nalalar diňe «Ýermeýanyň agysynda» däl, eýsem «Mezmurlar» kitabynda hem köp beýan edilendir.
Kitap goşgy görnüşinde ýazylandyr. Bu goşgular şygryýetiň ýörite tärinde düzülip, her setiri ýa-da her bendiniň setirleri elipbiý tertibinde gelýän harpdan başlanýar. Şeýle tärde düzülen goşgynyň setirleriniň başky harplary ýokardan aşak okalanda haýsydyr bir sözi ýa-da jümläni düzýär. Ýewreý elipbiýiniň birinji harplary א (alef) we ב (bet) harplary bolup, ol jemi 22 harpdan ybaratdyr. Kitapda aýatlaryň haýsy harpdan başlanýandygyny görkezmek üçin, goşmaça sözbaşylar ýewreý elipbiýiniň harplary bilen aňladylandyr. Üçünji ahy-nala (3‑nji bap) 66 aýatdan ybarat bolansoň, 3 aýat alef-den, 3 aýat bet-den we şoňa meňzeş tertipde başlanýar. Bu ahy-nala kitabyň ortasynda ýerleşip, aýatlarynyň 3 esse köp bolmagy onuň aýratyn nygtalmagyna ýardam edýär. Akrogoşgy – setirleriniň başky harplary ýokardan aşak okalanda haýsydyr bir sözi ýa-da jümläni düzýän goşgy.
Mazmuny
Iýerusalimiň ahy-nalasy1:1-22
Iýerusalimiň jezasy2:1-22
Jeza we umyt3:1-66
Iýerusalim ýykylýar4:1-22
Rehimdarlyk üçin dileg5:1-22