Ýermeýa pygamberiň agysy
1‑nji bap
Iýerusalimiň ahy-nalasy
Alef
1 Wah, öň adamdan doly şäher,
indi ýalňyz boşap galdy!
Milletler arasynda beýik bolan
indi dul hatyna meňzäp galdy!
Öň welaýatlaryň melikesi bolan,
indi gyrnaga öwrüldi!
 
Bet
2 Gijesine zar-zar aglaýar,
ýaňaklarynda gözýaşy.
Oýnaşlaryndan
köşeşdirýän ýok ony.
Ähli dostlary haýynlyk edip,
oňa duşman boldular.
 
Gimel
3 Ýahuda köp hasrat we agyr zähmet çekdi,
indi bolsa ýesir edip äkidildi.
Ol milletler arasynda ýaşaýar.
Ol hiç bir dynçlyk tapman,
betbagtlyga uçranynda,
kowguçylarynyň eline düşdi.
 
Dalet
4 Siona* barýan ýollar ýas baglaýar,
çünki baýramçylygyna gelýän ýok.
Ähli derwezeleri çolaryp galan,
ruhanylary ahy-nala çekýär.
Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary,
özi hem gam-gussa batýar.
 
He
5 Ýagylary hökümdar bolýar,
duşmanlary rowaçlanýar.
Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb
bu hasraty çekdirdi Siona.
Duşmanynyň öňüne salnyp,
çagalary sürgün edildi onuň.
 
Waw
6 Sion gyzynyň* ähli şan-şöhraty gaçdy.
Ýolbaşçylary öri tapmaýan keýik kimindi,
kowguçylardan gaçmaga mejallary ýokdy.
 
Zaýin
7 Hasratly hem sergezdanlyk gününde Iýerusalim
öňki günlerdäki eýe bolan baýlygyny ýatlaýar.
Halky duşmanyň eline düşende,
hiç kim oňa kömek etmedi.
Ol ýer bilen ýegsan bolanda,
duşmany üstünden güldi.
 
Ḥet
8 Iýerusalim agyr günä etdi,
şeýdip, ol gülki boldy.
Öňki sylaýanlar ýalaňaçlygyny görüp,
indi ony ýigrenýärler.
Munuň üçin onuň özi ah çekip,
hemmelerden ýüzüni gizleýär.
 
Ṭet
9 Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi,
gelejegi hakda pikir etmedi.
Onuň ýykylyşy aýylgançdy,
oňa teselli berýän ýokdy.
«Ýa Reb, agyr halyma nazar sal,
çünki duşman üstün çykdy!»
 
Ýod
10 Duşman onuň iň gymmatly zatlaryna el urdy,
milletlere ybadathana girmegi gadagan etseň-de,
Iýerusalim olaryň girýändiklerini gördi.
 
Kaf
11 Bir döwüm çörek gözläp,
bütin halky ah çekýär;
täzeden güýje girmek üçin,
hazynalaryny iýmite berýär.
«Ýa Reb, ine, halyma seret,
men nähili dereksiz boldum.
 
Lamed
12 Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy?
Ine, halymy görüň,
heý-de, meniň başymdan inen
gam-gussa ýaly gam-gussa barmy?
Reb gazapdan dolup lowlan güni
bu hasraty çekdirdi maňa.
 
Mem
13 Ýokardan ot iberip,
süňklerimi köýdürdi;
aýagyma duzak gurup,
meni arkan agdardy;
meni weýran edip,
bütin gün tapdan düşürdi.
 
Nun
14 Günälerim boýuntyrygyma baglandy,
Rebbiň Öz eli bilen işilip,
meniň boýnumdan asyldy,
Ol güýjümi tüketdi;
Taňry meni garşy durup bilmedik
duşmanlarymyň eline berdi.
 
Sameh
15 Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy,
goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi.
Taňry Ýahuda boý gyzyny
üzüm sykýan dek sykyp ýençdi.
 
Ğaýin
16 Men bular üçin aglaýaryn,
gözýaşlarym sil bolup akýar.
Janyma aram berýän ýok,
teselli beriji menden uzakda.
Çagalarym derbi-dagyn edildi,
çünki duşman üstün çykdy».
 
Pe
17 Sion elini uzadýar,
emma oňa teselli berýän ýok.
Ýakuba duşman boluň diýip,
Reb emr etdi goňşy halklara.
Iýerusalim olaryň arasynda
murdar zada öwrüldi.
 
Tsadi
18 Reb adyldyr,
men bolsa buýrugyna garşy çykdym,
emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň,
meniň çekýän derdimi görüň;
sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim.
 
Ķof
19 Oýnaşlarymy çagyrdym,
emma olar meni aldawa saldylar.
Ruhanylarym we ýaşulularym
täzeden güýje girmek üçin
özlerine iýmit gözleýärkäler,
şäherde heläk boldular.
 
Reş
20 Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän,
içim ýanýar,
ýüregim çat açýar,
çünki Saňa garşy baş galdyrdym.
Daşarda gylyç gyrýar,
içerde ölüm höküm sürýär.
 
Şin
21 Olar ahy-nalamy eşitdiler,
emma maňa teselli berýän ýok.
Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi,
Seniň muny edeniňe şatlandylar.
Yglan eden günüňi getir,
olar-da meniň ýaly bolsunlar.
 
Taw
22 Ähli pislikleri Saňa aýan bolsun;
tutuş ýazyklarym sebäpli
maňa näme eden bolsaň,
olara hem şony etgin.
Ahy-nalam köpdür,
ýüregim tapdan düşendir.