2‑nji bap
Iýerusalimiň jezasy
Alef
1 Wah, Taňry gazap atyna atlanyp-ha,
Sion gyzyny gara buluda gaplady-la!
Ol Ysraýylyň gözelligini
gökden ýere taşlady.
Ol gahary gelen güni Öz
aýagynyň kürsüsini terk etdi.
 
Bet
2 Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi
hiç rehimdarlyk etmedi.
Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy
gahar-gazaby ýatmady.
Patyşalygyny hem hökümdarlaryny
masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi.
 
Gimel
3 Çogýan gahary bilen
Ysraýylyň ähli güýjüni ýok etdi.
Duşman çozanda sag elini yza çekdi.
Daş-töweregini oda berip,
alawly ot kimin Ýakubyň ýurduny ýakdy.
 
Dalet
4 Duşman kimin ýaýyny çekdi,
elini galdyrdy ýagy kimin.
Göz-guwanjymyzyň baryny öldürdi;
Sion gyzynyň çadyrynyň üstüne
gazabyny ot kimin pürkdi.
 
He
5 Taňry duşman ýaly bolup,
Ysraýyly ýumurdy.
Ähli köşklerini ýykyp,
galalaryny weýran etdi.
Ýahuda gyzynyň ýasdyr
ahy-nalasyny has-da köpeltdi.
 
Waw
6 Ybadathanasyny çatma deý ýykdy,
halkyň ybadat öýüni wes-weýran etdi.
Reb Sionda baýramlardyr
Sabat gününi unutdyrdy.
Gahar-gazaba münüp,
patyşany we ruhanyny ret etdi.
 
Zaýin
7 Taňry gurbanlyk sypasyny taşlady,
mukaddes öýüni terk etdi.
Köşkleriniň diwarlaryny
duşmanyň eline berdi.
Rebbiň öýündäki duşmanyň gykylygy
baýramçylyk gündäki owaza meňzedi.
 
Ḥet
8 Reb Sion gyzynyň diwaryny
weýran etmegi ýüregine düwdi.
Ölçeg ýüpüni gerip,
ýykmakdan el çekmedi.
Daşky, içki diwar doldy ýas bile,
ikisi-de ýegsan boldy ýer bile.
 
Ṭet
9 Onuň derwezeleri ýere çökdi;
Reb kiltlerini döwüp ýok etdirdi.
Patyşasy we ýolbaşçylary
ýat milletleriň arasynda galdy.
Indi halka öwüt-nesihat berilmeýär,
pygamberlerine Rebden görnüş gelmeýär.
 
Ýod
10 Sion gyzynyň ýaşululary
ýerde çök düşüp otyrlar ümsüm.
Jul geýindiler,
başlaryndan sowurdylar gum.
Başlaryny aşak egdiler,
Iýerusalimiň ýaş gyzlary hem.
 
Kaf
11 Gözlerim ýaş dökmekden küteldi,
içim ýanýar.
Eziz halkymyň weýrançylygy zerarly
gara bagrym gan bolýar,
çünki şäheriň köçelerinde
çagalardyr bäbekler mejalsyz ýykylýar.
 
Lamed
12 Şäher köçelerinde ýaralanan dek huşuny ýitirýärler.
«Hany çörek we şerap?» diýip,
ejelerine perýat edýärler.
Olaryň gujagynda jan berýärkä.
 
Mem
13 Men saňa näme diýeýin?
Eý, Iýerusalim gyzy, seni nämä meňzedeýin?
Eý, Sion boý gyzy,
teselli berer ýaly, seni nämä deňeşdireýin?
Seniň heläkçiligiň deňiz deý ägirt,
kim şypa berer saňa?
 
Nun
14 Sen hakda pygamberleriň
galp, manysyz görnüşler gördüler.
Öňki kaddyňa dikeltmek üçin
etmişiňi ýüzüňe basmadylar.
Gaýtam, seni ýoldan çykarýan
ýalan görnüşler gördüler.
 
Sameh
15 Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar.
Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp:
«Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki
diýilýän şäher şumy?» diýşip,
başlaryny ýaýkaýarlar.
 
Pe
16 Ähli duşmanlaryň seni ýaňsylaýarlar,
sykylyk atyp, dişlerini gyjaýarlar.
Olar: «Biz ony ýuwutdyk!
Ine, şudy biziň garaşýan günümiz.
Ahyry muny-da gördük!» diýip gygyryşýarlar.
 
Ğaýin
17 Reb Öz niýetini amala aşyrdy,
owaldan belleýşi ýaly,
Öz sözlerini berjaý etdi.
Seni rehimsizlik bilen heläk etdi,
şat etdi halyňa duşmanyňy,
ýagylaryňa kuwwat berdi.
 
Tsadi
18 Halk Rebbe ýürekden perýat edýär.
Gije-gündiz gözýaşyň sil bolup aksyn,
gözleriňiň ýaşy kepemesin,
eý, Sion gyzynyň diwary!
 
Ķof
19 Tur! Gijeki nobat başynda perýat et!
Ýüregiňi Taňrynyň huzurynda suw kimin dök!
Her köçäniň başynda açlygyndan ýykylýan
çagalaryňyň jany üçin eliňi ser Oňa.
 
Reş
20 Seret, ýa Reb, halkyňyň halyna bak!
Kimi beýle güne salanyňy gör!
Aýallar öz dogran eziz çagalaryny iýsinlermi?
Ruhany we pygamber mukaddes öýüňde öldürilsinmi?
 
Şin
21 Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr,
gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler.
Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň,
rehimsizlik bilen baryny gyrdyň.
 
Taw
22 Çar tarapdan maňa howp salanlary çagyrdyň,
baýramçylyk günündäki kimin olary üýşürdiň.
Rebbiň gahary gelen güni hiç kim gaçyp gutulmady,
olaryň arasyndan diri galany bolmady,
söýüp ulaldan çagalarymy duşmanym heläk etdi.