3‑nji bap
Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir
Alef
1 Hudaýyň gazap taýagyndan
hasrat çeken adam men.
2 Ol meni idip,
yşyksyz tüm garaňkylyga getirdi.
3 Ol bütin gün gaýta-gaýta
garşyma elini galdyrdy.
 
Bet
4 Etimi, hamymy çüýretdi,
süňklerimi döwüp taşlady.
5 Üstüme çozup, daşymy gabady,
başyma hasrat hem dert saldy.
6 Bireýýäm ölenler kimin
meni garaňkylykda ýaşatdy.
 
Gimel
7 Gaçmaz ýaly daşyma diwar aýlady,
boýnuma agyr zynjyrlar saldy.
8 Perýat edip, kömege çagyranymda,
Ol dilegime gulak salmady.
9 Ýonma daşlar bilen ýolumy ýapdy,
ýodalarymy egreltdi.
 
Dalet
10 Hudaý meni peýleýän aýydyr,
bukuda ýatan arslandyr.
11 Ýolumdan azaşdyryp parçalady,
halys sandan çykardy.
12 Ol ýaýyny çekdi,
meni okuna nyşan edindi.
 
He
13 Sagdagyndaky oklary atyp,
bagrymy deşdi.
14 Men ähli halkyma gülki boldum,
günuzyn olaryň aýdymy boldum.
15 Ol meni hasratdan doýrup,
ýowşanyň ajy suwuny içirdi.
 
Waw
16 Çagyl bilen dişlerimi owratdy,
kül içinde depip, dyza çökdürdi.
17 Meniň janym rahatlygy unutdy,
şatlygyň nämedigi ýatdan çykdy.
18 Özüme diýdim: «Jandan el üzdüm,
Rebbe bolan ähli umydym öçdi».
 
Zaýin
19 Hasratymdyr sergezdanlygym hakda oýlansam,
ajy ýowşan bilen zäher-zakgun içen ýalydyr!
20 Janym muny dyngysyz ýatlaýar,
şonuň üçin ýüregim paralanýar.
21 Emma şuny ýatda saklaýan,
şonda ýene-de umyt döreýär:
 
Ḥet
22 Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir*,
çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr.
23 Her säher bular täzelenýär,
Seniň wepadarlygyň beýikdir!
24 Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr.
Şoňa görä Oňa intizardyryn».
 
Ṭet
25 Reb Özüne bil baglaýanlara,
Özüni ýürekden agtarýanlara ýagşydyr.
26 Rebbiň halas edişine
ümsüm garaşmak gowudyr.
27 Adama boýuntyrygy
ýaşlykdan götermek gowudyr.
 
Ýod
28 Ynsan dymyp, ýalňyz otursyn,
çünki boýuntyrygy dakan Rebdir.
29 Ýere ýüzin ýykylsyn,
belki, umyt bardyr.
30 Özüni urana ýaňagyny tutsun,
masgaralanmakdan doly bolsun.
 
Kaf
31 Çünki Taňry hiç wagt
ömürlik terk etmez.
32 Ol birine hasrat çekdirse-de,
bol merhemetine görä rehim-de eder.
33 Hasrat berip, gaýga batyrsa-da,
bulary Ol ýürekden etmez.
 
Lamed
34 Ýurduň ähli ýesirleri
aýak astynda depelenende,
35 Beýik Hudaýyň huzurynda
ynsan hukuklary kemsidilende,
36 dawada birine adalatsyzlyk edilen wagty,
Taňry olary görýän dälmidir?
 
Mem
37 Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa,
kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?
38 Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem
Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy?
39 Öz günäleri üçin jezasyn alsa,
diri galan adam näme üçin zeýrensin?
 
Nun
40 Geliň, ýollarymyzy synap göreliň,
täzeden Rebbe gaýdyp baralyň.
41 Geliň, gökdäki Hudaýa
elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň.
42 Biz günä edip baş galdyrdyk,
Sen bizi bagyşlamadyň.
 
Sameh
43 Kowaladyň bizi gazap bilen,
rehimsizlik bilen öldürdiň.
44 Özüňi buluda bürediň,
dilegler eşidilmesin diýip.
45 Bizi milletler arasynda
syr-süplüge, zir-zibile öwürdiň.
 
Pe
46 Ähli duşmanlarymyz
bizi ýaňsyladylar.
47 Üstümize howp we hile,
harabaçylyk we weýrançylyk abandy.
48 Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa
gözýaşlarym sil bolup akýar.
 
Ğaýin
49-50 Reb gökden aşak nazar salýança,
gözýaşlarym hiç tükenmez, asla kepemez.
51 Şäherimdäki gyzlaryň halyna
ýüregim gyýym-gyýymdyr.
 
Tsadi
52 Maňa nähak duşman bolanlar
meni guş kimin awlap tutdular.
53 Diriligime çukura taşlap,
üstümden daş okladylar.
54 Suwlar depämden aşdy,
«Men heläk boldum» diýdim.
 
Ķof
55 Çukuryň düýbünden
Seni çagyrdym, ýa Reb.
56 «Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý»
diýen sözlerimi eşitdiň.
57 Seni çagyranymda, ýanyma gelip:
«Gorkma!» diýdiň.
 
Reş
58 Eý, Taňry, janymy gutaran Sensiň,
ömrümi halas eden Sensiň.
59 Ýa Reb, maňa edilen adalatsyzlygy gördüň,
meniň hakymy alyp ber.
60 Menden nähili öç alyşlaryny gördüň,
garşyma guran dildüwşüklerini bildiň.
 
Şin
61 Ýa Reb, olaryň masgaralaýşyny eşitdiň,
garşyma guran dildüwşüklerini gördüň.
62 Duşmanlarymyň bütin gün meniň garşyma
edýän hyşy-wyşylaryny we hüňürdilerini eşitdiň.
63 Ertirden agşama çenli
men olaryň ýaňsy aýdymy boldum.
 
Taw
64 Olaryň elleri bilen edenlerini
eginleri bilen çekdir, ýa Reb!
65 Ýüreklerine howsala sal.
Goý, näletiň olaryň üstünden insin!
66 Gazap bilen kowalap,
gökleriň astyndan olary ýok et, ýa Reb!