Ýermeýa pygamberiň kitaby
Giriş
Ýermeýa pygamber Ýahuda ýurdunda, Iýerusalimiň demirgazyk tarapynda ýerleşýän Anatot obasynda ruhanynyň maşgalasynda dogulýar. Ysraýyl ýurdy ikä bölünenden soň, Ýahuda Günorta patyşalygyna degişlidi.
Ýermeýa b. e. öň 626-njy ýylda pygamberlik edip başlaýar. Onuň ady «Reb beýgeldýär», «Reb berkarar edýär», «Reb aýlap taşlaýar» diýmegi aňladýar. «Aýlap taşlaýar» – bu ýerde duşmançylykly dünýä pygamberi taşlaýar ýa-da milletleri günäleri zerarly ýere pylçap urýar diýen manyda ulanylýar.
Reb Ýahuda ýurdunyň üstünden jeza inderjek bolany üçin, Ýermeýa pygambere öýlenmegi we çaga edinmegi gadagan edýär. Şol jezalandyrylyşyň dowamynda indiki nesil bütinleý ýok edilmelidi. Ýermeýa ýahudy halky jezalandyrylyp, Babyla sürgün ediljekdigi barada pygamberlik edeni üçin, öz döwürdeşleriniň arasynda halanylmaýardy. Ýöne şeýle bolandygyna garamazdan, Baruk atly adam onuň sadyk ýoldaşyna öwrülip, pygamberiň ähli aýdanlaryny ýazga geçirýär. Ýermeýa ömrüniň ahyrky günlerini Babylda däl-de, Müsürde geçirýär. Alymlaryň çaklamalaryna görä, ol hut şol ýerde aradan çykýar ýa-da öldürilýär.
Ýermeýanyň pygamberlikleri käwagt, aýratyn hem Babyl sürgünliginde ruhdan düşen halka teselli berýärdi. Reb olara Babyl ýurdunda ornaşmagy buýrup, şeýle diýýär: «Öýler gurup, olarda ýaşaň; baglar ekip, miwesini iýiň. Öýleniň, ogullaryňyz hem gyzlaryňyz bolsun. Ogullaryňyzy öýlendiriň, gyzlaryňyzy durmuşa çykaryň. Olardan-da ogullar we gyzlar dünýä insin. Ol ýerde azalmaň-da, gaýtam köpeliň. Sizi ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň. Ol şäher üçin Rebbe dileg ediň, çünki siziň parahatlygyňyz onuň parahatlygyna baglydyr» (29:5-7). Şeýle pygamberlik ýahuda halkyny geň galdyrýar, sebäbi olar ata-babalarynyň ýurduna dolanmagy küýseýärdiler. Emma Reb sözüni dowam edip, ýahudylara şeýle diýýär: «Siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir». (29:11).
Kitapda Rebbiň halkynyň galkynyşy, Onuň gelejekde olar bilen baglanyşjak täze ähti barada hem pygamberlikler bardyr. Bu pygamberlikler kitabyň 30 – 33‑nji baplarynda, aýratyn-da 31‑nji babynda beýan edilýär.
Kitabyň ahyrky baplarynda Babyl we Müsür ýaly daş-töwerekde ýerleşýän ýurtlarda ýaşaýan halklara garşy aýdylan pygamberlikler beýan edilýär (46 – 51‑nji baplar). Bu pygamberlikler Rebbiň tutuş dünýäni gözegçilikde saklaýandygyna şaýatlyk edýär. Kitap Ýermeýanyň ähli pygamberlikleri aýdylyp bolnandan soň sözsoňy, ýagny Iýerusalimiň ýykyljakdygy baradaky pygamberligi bilen tamamlanýar. Bu gözel şäheriň weýran ediljekdigi hem Ýermeýa pygamber tarapyndan aýdylypdy.
Ýermeýa pygamber «Ýermeýanyň agysy» atly kitabyň hem awtorydyr.
Mazmuny
Reb Ýermeýa pygamberi çagyrýar1:1-19
Ýoşyýa, Ýehoýakym, Ýehoýakyn we Sidkiýa patyşalaryň şalyk süren döwründe aýdylan pygamberlikler2:1–25:38
Ýermeýanyň durmuşynda bolan wakalar26:1–45:5
Milletlere garşy aýdylan pygamberlikler46:1–51:64
Iýerusalimiň ýykylmagy52:1-34