Işaýa pygamberiň kitaby
Giriş
Işaýa pygamber iň beýik pygamberleriň biridi. Onuň ady «Reb halas edýär» diýmegi aňladýar. Ol Amos, Hoşeýa we Mika pygamberleriň döwründe ýaşap, b. e. öň 740-njy ýylda pygamberlik edip başlady. Onuň pygamberlik edip başlan döwründe ýurdy Uzyýa patyşa dolandyrýardy. Uzyýadan soň şalyk süren üç patyşanyň döwründe hem Işaýa pygamber Rebbiň aýdanlaryny Ýahuda halkyna ýetirdi. Şol döwürde Aşur patyşalygy öz çäklerini giňeldýärdi. Milletler Aşur patyşalygyna garşy göreşmek üçin birleşýärdiler, ýöne aşurlylar ahyrsoňy Ysraýyly we goňşy döwletleri basyp alýarlar. Müňlerçe adam ýesir alnyp, sürgün edilýär. Ýahuda patyşalygy doly basylyp alynmandygyna garamazdan, Aşur patyşalygyna agyr salgyt tölemäge mejbur edilýär.
Işaýa pygamber Hudaýy «Ysraýylyň Mukaddesi» we «Hökmürowan Reb» diýip atlandyrýar. «Hökmürowan Reb» ýewreý dilinde Adonaý Ýahwe diýmegi aňladýar. Adonaý sözi adatça Taňry, Ýahwe – Reb diýip terjime edildi. Emma bu sözleriň utgaşyp gelen ýagdaýlarynda, olar Hökmürowan Reb diýip terjime edildi.
Işaýa pygamber ot-alawy jeza bermekligiň nyşany hökmünde, üzüm agajyny we üzümçiligi Ysraýyl halkynyň nyşany hökmünde ulanýar (5:7).
Kitap şu aşakdaky bölümlere bölünýär:
Işaýa 1–39: Sürgün edilmezden öňki döwür – Höküm kitaby.
Işaýa 40–66: Sürgün we ondan soňky döwür – Teselli kitaby.
Babyl sürgüniniň taryhy 2‑nji Patyşalar kitabynyň 25‑nji babynda beýan edilýär.
Işaýa pygamber kitabynyň birinji bölüminde tutuş dünýäniň Patyşasy bolan Rebbiň mukaddesligi we hökmürowanlygy aýratyn nygtalýar. Mukaddes Patyşa hökmünde Rebbiň ýahuda halkynyň pisligine garşy gahar-gazaby tutuşýar. Döwlet baştutanlary para-peşgeşe ýatypdy, ähli ýerde adalatsyzlyk we zorluk höküm sürýärdi. Emma Reb ýahudy halkynyň Özüne dolanyp, Oňa bil baglan ýagdaýlarynda ony halas etjekdigini we gorajakdygyny wada berýär.
Kitabyň ikinji bölüminde Reb ozal höküm edilen adamlara gürläp (40:1-2), ruhdan düşen halkyna umyt berýär. Reb olaryň daşdan ýa agaçdan ýasalan butlaryň hiç güýjüniň ýokdugyna, ýeke-täk Hudaýyň diňe Oldugyna düşünmeklerini isleýär. Eger ysraýyl halky toba edip, Hudaýa dolansa, ony Babyl sürgünliginden azat etjekdigini, beýleki milletleriň arasynda pytraňňy ýaşap ýörenlerini hem ata ýurtlaryna gaýtarjakdygyny wada berýär. Bulardan başga-da Hudaý Öz halkynyň Oňa dolanan ýagdaýynda ony ýalkap, berekediniň boldan-bol artdyrjakdygyny hem wada berýär. Reb bu wadalaryny berjaý etmegi başarýandyr, sebäbi Ol tutuş dünýäni ýaradyp, ony dolandyrýar. Şu bölümiň ahyrynda Reb Özüne sadyk galan adamlara aýratyn ýagty gelejegi wada berýär. Bu wada diňe ýahudy halkyna däl, eýsem ähli milletlere hem degişlidir.
Işaýa pygamberiň kitaby esasan hem goşgy görnüşinde ýazylandyr. Ýöne onuň käbir parçalary – taryhy maglumatlary beýan edilýän ýerleri kyssa görnüşinde ýazylandyr. Bu taryhy maglumatlar esasan hem Patyşalar kitabyndan alnandyr. Pygamberlikler käwagt halky halas etjek Halasgär barada bolup, olaryň iň meşhury 53‑nji bapda beýan edilýär.
Mazmuny
Höküm kitaby1–39
Duýduryşlar we wadalar1:1–12:6
Milletler höküm edilýär13:1–23:18
Reb ýer ýüzüni jezalandyrýar24:1–27:13
Goşmaça duýduryşlar we wadalar28:1–35:10
Ýahudanyň patyşasy Hizkiýa we aşurlylar36:1–39:8
Teselli kitaby40–66
Wadalar we umyt baradaky pygamberlikler40:1–55:13
Duýduryşlar we wadalar56:1–66:24