8‑nji bap
1 Käşgä enemiň göwsünden emen
agam deý bolsadyň maňa!
Daşarda duşanymda, öperdim seni,
hiç kim meni ýazgarmazdy.
2 Öňüňe düşüp,
enemiň öýüne getirerdim seni,
öwüt bererdiň sen maňa.
Hoşboý ysly şerapdan,
enarlarymyň suwundan içirerdim saňa.
3 Sol eli kellämiň astynda,
Gujaklaýar meni sag eli bilen.
4 Eý, Iýerusalim gyzlary,
size ýalbarýaryn:
özi isleýänçä
yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň!
Gyzyň boýdaşlary:
5 Ýaryna söýenip,
çölden çykyp gelýän kim?
Gyz:
Alma agajynyň astynda oýardym seni.
Eneň şol ýerde dünýä inderdi seni,
ol şol ýerde agyry çekip, dogurdy seni.
6 Ýüregiňde,
goluňda sakla meni möhür deý;
çünki yşk ölüm deý güýçli,
gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz.
Yşkyň ýalny otly ýalyndyr,
lowlaýan ýalyndyr ol.
7 Yşky ne bol suwlar söndürer,
ne-de derýalar ony gark edip biler.
Ynsan yşk üçin bary-ýoguny berse-de,
ol ýigrenç bilen ret edilerdi.
Gyzyň boýdaşlary:
8 Kiçi uýam bar,
mämeleri heniz tözlenmedik,
uýamyza söz aýdylan güni
onuň üçin näme ederis?
9 Diwar bolan bolsady ol,
üstünde kümüş diňler gurardyk,
gapy bolan bolsady,
ony kedr agajyna gaplardyk.
Gyz:
10 Men bir diwar,
göwüslerim-de diňler deý.
Şoňa görä ýarymyň gözüne
kämil görünýän men.
11 Süleýmanyň Bagalhamonda
üzüm bagy bardy,
ony sakçylara tabşyrdy ol;
hersi hasyl üçin
müň kümüş teňňe bermelidi.
12 Meniň-de üzüm bagym özümiňkidir;
eý, Süleýman, müň teňňe seniňki bolsun,
iki ýüz kümüş hasylyň sakçylarynyňky bolsun!
Ýigit:
13 Eý, baglarda mesgen tutan!
Ýoldaşlarym owazyňy diňleýärler;
men-de owazyňy eşideýin.
Gyz:
14 Ylga, eý, ýarym!
Bark urýan daglaryň üstünde
jeren deý, keýik owlagy deý bolgun.