Wagyz kitaby
Giriş
Wagyz kitaby patyşalyk süren Süleýman pygamber tarapyndan ýazylandyr. Ýewreý dilinde kohelet sözi «mugallym» ýa-da «wagyzçy» diýmegi aňladýar. Mukaddes Ýazgylaryň «Eýýup», «Süleýmanyň pähimleri», «Zebur» ýaly, «Wagyz kitaby» hem pähim-paýhasdan doludyr.
Wagyzçy öz kitabynda ynsanlaryň durmuşyna syn edip, ähli zadyň biderekdigini ýüze çykarýar (1:1). Birinjiden, ynsanlar näçe jan çekseler-de, durmuşyň mizemez asyl manysyna ýetip bilmeýärler. Ikinjiden, pähim-paýhas akmaklykdan gowy, emma şonda-da ynsan paýhasy ähli meseleleri çözüp bilmeýär. Üçünjiden, ynsanlar durmuşda bütinleý gapma-garşy bolan ýagdaýlara duş bolýarlar, ynsan paýhasy bu gapma-garşylyklary sazlaşdyryp bilmeýär. Şeýle ýagdaýlaryň iň erbedi hem ynsan ömrüniň hem haýwanlaryňky ýaly ölüm bilen tamamlanyp, olaryň topraga dolanmagydyr. Dördünjiden, Hudaý ynsanlary dogruçyl edip ýaratsa-da, olar hemişe başgalary öz bähbitleri üçin ulanmaga ymtylyp, Hudaýy närazy edýärler. Bäşinjiden, ynsanlar özlerinden soň, hatda ýakyn gelejekde nämeleriň boljakdygyny bilmeýärler. Altynjydan, Hudaý ynsanlary öz orunlaryny biler ýaly edýär. Iň soňkusy-da, Hudaý ähli zatlaryň tertibini we ornuny kesgitledi, ynsan olary üýtgedip bilmez. Şoňa görä-de, pähim-paýhas şulara eýermegi maslahat berýär:
1. Ynsandygyňa şükür edip, durmuşdan lezzet al.
2. Ýetip bilmejek maksatlaryňa ymtylma.
3. Durmuş ýörelgäňde paýhasly bol.
4. Hudaýdan gork we Onuň buýruklaryny berjaý et (12:13).
Wagyzçy öz kitabynyň ahyrynda Hudaýa ýüregimiziň töründen orun berip, Onuň buýruklaryna laýyklykda manyly, maksatly we şadyýan durmuşda ýaşamagy ündeýär.
Mazmuny
Durmuşyň manysy barmyka?1:1–2:26
Durmuş barada pikir ýöretmeler3:1–11:8
Jemleýji nesihat11:9–12:8
Soňky söz12:9-14