12‑nji bap
1 Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla. 2 Seniň üçin Gün, yşyk, Aý, ýyldyzlar garalmanka, ýagyşdan soň bulutlar yzyna gaýtmanka, Ony ýatla. 3 Şol gün öýi goraýanlar titreşerler, güýçli adamlar eglerler, el degirmeni bilen däne üweýänler işini togtadarlar, sebäbi olaryň sany azdyr, penjireden seredýänleriň gözleri garaňkyraýar. 4 Köçä açylan gapylar ýapylar, degirmeniň sesi kesiler; adamlar guş sesine oýanarlar, gyzlaryň nagmasy kesiler. 5 Beýiklikden gorkarlar, ýollar gorkuly bolar; badam agajy güllär, çekirtge özüni zor bilen çeker, höwes ýiter, çünki ynsan öz ebedi öýüne gider, ýas tutýanlar köçelerde aýlanyşarlar. 6 Kümüş zynjyr gyrylmanka, altyn käse döwülmänkä, bulak başyndaky küýze owranmanka, guýynyň başyndaky çarh döwülmänkä, 7 ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla. 8 Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.
Soňky söz
9 Wagyzçy dana bolmakdan başga-da halka bilim hem öwretdi. Ol gözleg geçirip, öwrenip, köp pähimleri ýerli-ýerinde goýdy. 10 Wagyzçy ýakymly sözleri tapmaga çalyşdy. Onuň ýazanlary dogry we hak sözlerdi.
11 Dananyň sözleri çişler kimindir; toplanan pähimli sözler berk kakylan çüýler ýalydyr. Pähimli sözler bir çopan tarapyndan berlendir. 12 Bulardan başga-da, eý, oglum, sak bol. Köp kitap ýazmagyň soňy ýokdur, köp okamak beden üçin argynlykdyr.