Süleýmanyň pähimleri
Giriş
Süleýmanyň pähimleri tymsallar we pähimler görnüşinde berlen ahlak we dini taglymatlar ýygyndysyndan ybaratdyr. Bularyň köpüsi gündelik durmuşy meselelerine degişlidir. Şeýle pähimleriň birinde: «Rebden gorkmaklyk – bilimiň başlangyjy» diýip aýdylýar. Kitapda diňe bir dini, ahlak meseleleri hakynda däl, eýsem sagdyn pikirli we oňat häsiýetli bolmak hakynda-da öwüt-nesihatlar berilýär. Gadymyýetdäki ysraýyl mugallymlarynyň köp sanly gysga tymsallary dana adamlaryň dürli ýagdaýlarda näme etmelidigini öwredýärler. Olaryň käbirleri maşgala gatnaşyklary hakynda bolsa, käbirleri iş meselelerine degişlidir. Käbirleri jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýerlikli häsiýetleriň zerurdygyny, başgalary bolsa durnukly bolmagyň zerurdygyny nygtaýar. Pes göwünlilik, sabyr-takatlylyk, garyplara hormat goýmak, dostlaryňa wepaly bolmak ýaly häsiýetler barada hem köp agzalýar.
Ýewreý pähimleri we tymsallary türkmen pähimlerinden we tymsallaryndan tapawutlanýandyr. Ýewreý dilinden terjime edilen pähim sözi pygamberlik aýanlygy (Çölde 23:7) ýa-da tymsal (Ezekiýel (Kifl) pygamberiň kitaby 17:2) bolup bilýär. Ýewreý dilinde «pähim» sözüniň manysy türkmençä garanyňda has giňdir. Şonuň üçin-de, ýewreý pähimleri tutuş parçalar görnüşinde duş gelýär.
«Süleýmanyň pähimleri» kitabyndaky pähimler we tymsallar diňe Süleýman tarapyndan ýazylan däldir. Olaryň käbirleri «Atalar sözi» (22:17) bolsa, käbirleri Aguryň (30:1) we patyşa Lemuwalyň (31:1) tymsallarydyr. Ýöne kitabyň esasy bölegini Süleýmanyň pähimleri tutup (10:125:1), olar Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň emeldarlary tarapyndan toplanandyr.
Kitapda köp meňzetmeler ulanylandyr. Olaryň käbiri diňe ýewreý diline mahsus bolup, türkmen dilinde hiç manyny bermeýär. Şonuň üçin-de, şeýle meňzetmeler türkmen okyjysyna düşnükli bolan türkmen meňzetmeleri bilen terjime edildi. Bu hakda goşmaça maglumat isleseňiz, çykgytlara serediň. Käbir adalgalary türkmen diline terjime etmek kyn boldy. Danalyk sözi we onuň sinonimleri juda köp duşýar. Şonuň üçin hem bularda aram yzygiderlilik saklanyldy. Şeýle hem akylly-akmak we dogry-ýaramaz ýaly gapma-garşylykly manydaky sözlerde mümkin boldugyça yzygiderlilik saklanyldy.
Mazmuny
Danalygyň şanyna aýdylýan öwgüler1:1–9:18
Süleýman pygamberiň pähimleri10:1–29:27
Aguryň sözleri30:1-33
Dürli pähimler31:1-31