Zebur
Giriş
Zebur kitabynyň ady ýewreýçe tehillim, ýagny öwgüler diýmegi aňladýar. Zebur aýdymlaryň ýygyndysy bolup, onuň aglaba bölegini öwgi aýdymlary düzýär. Öwgi aýdymlaryndan başga Zeburda şükür mezmurlary, zyýarat mezmurlary, ahy-nala mezmurlary, patyşanyň şanyna aýdylýan mezmurlar we Töwrat mezmurlary duş gelýändir. Töwrat mezmurlary Musa pygamberiň bäş kitabynda beýan edilen taglymaty wasp edýärler.
Zyýarat nagmalary (119 – 133‑nji mezmurlar) imanlylaryň Iýerusalimiň derwezelerinden girip, ybadathananyň bina edilen mukaddes dagyna çykyşlaryny beýan edýärler.
Patyşanyň şanyna aýdylýan nagmalar patyşany taryplaýan ýa-da onuň şa tagtyna çykmagynyň şanyna aýdylýan nagmalardan ybaratdyr. Hudaýyň Öz pygamberlerine berýän ylhamlary bilen tanyş adamlar bu mezmurlarda dünýäniň ähli şan-şöhratyna mynasyp Mesihiň geljekdigi barada ýaňzydylyp aýdylan pygamberliklere aýdyň düşünýärler.
Ahy-nala mezmurlary ýekelikde ýa-da toparlaýyn aýdylypdyr. Şu mezmur iň meşhurlaryň biri diýip hasaplanýar:
Babyl suwlarynyň boýunda oturyp, Siony ýatlan wagtymyz gözýaş döküpdik. Şol ýerdäki derek agaçlaryndan öz liralarymyzy asyp goýupdyk.
Zebur 136:1-2.
Bu mezmur ysraýyl halkynyň Babyl sürgünliginde bolan döwründe düzülýär. Şol döwürde olar Iýerusalime dolanyp, Hudaýy ybadathanada şöhratlandyrmagy ýürekden arzuwlaýardylar.
Mezmurlaryň köpüsi Dawut pygamber tarapyndan ýa-da onuň üçin düzülendir. Olaryň sözbaşylary köplenç ýewreýçe bolup, onuň awtoryny ýa-da nähili ýagdaýda düzülendigini mälim edýärler. Käbir mezmurlaryň sözbaşysyna düşünmek diýseň kyn bolýar, sebäbi olar biziň döwrümize çenli saklanmadyk mukam heňleri ýa-da saz gurallary baradadyr. Manysy aýdyň bolmadyk şeýle sözlere sela, maskil we ş. m. sözler degişli bolup, olaryň düşündirişi sözlükde berilýär. Mezmurlaryň başga bir topary bolsa ybadathanada sežde edilen wagty aýdylyp, «aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna» diýen goşmaça sözbaşa eýedirler. Şeýle goşmaça sözbaşyly mezmurlar ybadathanada Hudaýa gurbanlyk berlen wagty aýdymçylar topary tarapyndan aýdylypdyr.
Mazmuny
Jemi 150 mezmur, ine, şu aşakdaky 5 kitaba bölünýär:
1 – 40-njy mezmurlar
41 – 71‑nji mezmurlar
72 – 88‑nji mezmurlar
89 – 105‑nji mezmurlar
106 – 150‑nji mezmurlar