Eýýup
Giriş
Süleýmanyň pähimleri, Wagyz kitaby, mezmurlaryň käbirleri ýaly, Eýýup kitaby hem öwüt-ündew äheňinde ýazylan kitapdyr.
Kitapda Eýýup pygamberiň ömri beýan edilýär. Ol ýahudy bolmasa-da, diri Hudaýa iman edip, örän dogruçyldy. Eýýup şeýle imany üçin Hudaý tarapyndan boldan-bol ýalkanan adam hasaplanýardy. Günleriň birinde Eýýup şeýtan tarapyndan synaga salynýar. Agyr muşakgatlar Eýýubyň başyndan inýär: ol çagalarynyň baryny, ägirt mal sürülerini, tutuş emlägini bir günde ýitirýär. Ol ençeme ýyllap agyr kesellerden ejir çekýär. Eýýubyň ýakyn dostlary onuň halyndan habar tutmaga, teselli bermäge gelýärler. Niýetleriniň ýagşydygyna garamazdan, olaryň tesellisi Eýýubyň jebir-jepalaryny öňküden-de artdyrýar. Eýýup Hudaýa nalyş edip, görýän görgüleri, çekýän jebirleri barada Oňa arz edýär. Kitabyň ahyrynda Hudaý güýç-gudrat içinde Eýýuba jogap berýär. Hudaýyň jogabyndan soň Eýýup aýdara söz tapman, başyndan gumdur kül sowrup, toba edýär.
Jebir çekýän we munuň asyl sebäbini agtaryp: «Men näme üçin şeýle jebir çekýärkäm?» diýip soraýan adamlar bu kitapda öz soraglaryna jogap tapyp bilerler.
Mazmuny
Eýýup pygamber we onuň maşgalasy1:1–2:13
Eýýup we onuň dostlary3:1–31:40
Eýýubyň ahy-nalasy3:1-26
Birinji gepleşik4:1–14:22
Ikinji gepleşik15:1–21:34
Üçünji gepleşik22:1–27:23
Paýhas öwgüsi28:1-28
Eýýubyň soňky sözi29:1–31:40
Elihu söz sözleýär32:1–37:24
Reb Eýýuba jogap berýär38:1–42:6