10-njy bap
Mordekaýyň at-abraýy
1 Kserks patyşa ýurda we deňiz adalaryna salgyt saldy. 2 Patyşanyň ähli güýç-kuwwaty, Mordekaýy hormatlap, onuň wezipesini beýgeldendigi hakyndaky ähli wakalar Madaý we Pars patyşalarynyň ýyl ýazgylaryna ýazylandyr. 3 Çünki Mordekaý ýahudy wezipesine görä, Kserks patyşadan soň ikinji beýik adamdy. Onuň ýahudylaryň arasyndaky abraýy uludy we ol öz ýahudy doganlarynyň köpüsi tarapyndan sylanylýardy, çünki ol öz halkynyň abadançylygy ugrunda göreşip, tutuş halkyna parahatçylyk getiren adamdy.