Nehemýa
Giriş
Nehemýa Pars patyşasy Artakserksiň iň ýakyn emeldarlarynyň biri bolup, Suza galasynda ýaşaýardy. Günleriň birinde ol Iýerusalim şäherindäki ýagdaýlary bilmek üçin, şol şähere iberilýär. Nehemýa Iýerusalimiň weýran edilen diwarlaryny görende kalby gamlanýar. Ol halka baştutanlyk edip, Iýerusalimiň diwarlaryny dikeldýär. Şäheriň diwarlary dikeldilip, halk galada ornaşandan soň, Ezra mürze oňa dabaraly ýagdaýda Hudaýyň Kanunyny okap berýär. Halk özüniň günälerini boýun alyp, toba edýär. Kitap Nehemýanyň soňky bitiren işleriniň beýany bilen tamamlanýar.
Mazmuny
Nehemýa Iýerusalime dolanyp gelýär1:1–2:20
Iýerusalimiň diwarlary dikeldilýär3:1–7:73
Hudaýyň Kanuny okalýar we ozal baglaşylan äht berkidilýär8:1–10:39
Nehemýanyň soňky işleri11:1–13:31