Ezra
Giriş
Bu kitapda Babyl sürgünliginden boşan ysraýyllar bilen birlikde Ezra mürzäniň hem Iýerusalim şäherine dolanyp gelşi beýan edilýär. Şol döwürde Reb ýahudylaryň Iýerusalime, Ýahuda dolanyp, ybadathanany dikeltmäge rugsat bermegi Pars patyşasy Kureşiň kalbyna salýar. Bu ybadathanany Süleýman pygamber bina edipdi. Emma Nebukadnesar patyşanyň döwründe babyllylar ony ýer bilen ýegsan edipdiler.
Pars patyşasy Kureş her milletiň öz hudaýynyň bardygyna, şol hudaýyň öz halkynyň watanynda ýaşaýandygyna ynanýardy. Şonuň üçin-de, ol ysraýyllaryň Hudaýy Iýerusalimde ýaşaýar diýip pikir edýärdi. Ezra b. e. öň 458‑nji ýylda, ýagny Artakserksiň şalygynyň ýedinji ýylynda Iýerusalime dolanýar. Bu waka Nehemýa pygamberiň Iýerusalime dolanmagyndan öň bolup geçýär. Nehemýa Iýerusalime b. e. öň 444‑nji ýylda dolanyp, onuň weýran edilen diwarlaryny dikeltmekde halka ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de ol öz kitabynda Ezranyň halka Töwrady okap berşini gürrüň berýär. (Nehemýa 8‑nji bap).
Ezra we Nehemýa kitaplarynyň käbir parçalary ýewreý dilinde däl-de, arameý dilinde ýazylandyr. Arameý dili Babyl we Pars şalyklarynyň halkara dili bolup, ol Isa Mesih dogulmazyndan öň we soň Ysraýylyň esasy gepleşik dili boldy. Hatlar esasan hem arameý dilinde ýazylýardy. Ýewreý dili bolsa ybadathanada ulanylýardy. Mukaddes Ýazgylar hem ýewreýçe ýazylandy. Şonuň üçin-de, mürzeler ýewreý dilini we Töwrady oňat bilýän adamlar bolmalydylar.
Şeýle-de Ýyl ýazgylary kitaplaryna seret.
Mazmuny
Ysraýyllar sürgünlikden gaýdyp gelýärler1:1–2:70
Ybadathana dikeldilýär we Hudaýa bagyş edilýär3:1–6:22
Ezra Iýerusalime gelýär7:1–10:44