Ýyl ýazgylary
Ikinji kitap
Giriş
Ýyl ýazgylarynyň ikinji kitaby Süleýman pygamberiň şalyk süren döwründen tä onuň ölümine çenli bolan döwri öz içine alýar. Kitapda Ýerobgamyň baştutanlygynda demirgazyk tireleriň Süleýman patyşanyň ogly Rehobgam patyşa garşy eden gozgalaňy, şeýle hem gündogar patyşalygy Ýahudanyň tä b. e. öň 586-njy ýylda Iýerusalimiň synmagyna çenli bolan döwrüň taryhy beýan edilýär.
Mazmuny
Süleýmanyň şalyk sürmegi1:1–9:31
Irki ýyllar1:1-17
Ybadathana gurulýar2:1–7:10
Soňky ýyllar7:11–9:31
Demirgazyk tireleriniň gozgalaňy10:1-19
Ýahudanyň patyşalary11:1–36:12
Iýerusalimiň synmagy36:13-23