Ezra
1‑nji bap
Kureş patyşa ýahudalara ýurduna dolanmaga rugsat berýär
1 Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň* amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:
2 «Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. 3 Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe – Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun. 4 Kim nirede galan bolsa, şol ýeriň ilaty olara Iýerusalimdäki Hudaýyň öýi üçin berjek meýletin sadakalaryndan daşary altyn, kümüş, emläk we mal-gara bilen ýardam etsin“».
5 Şondan soňra Hudaý tarapyndan kalby oýarylan her kes – ýahuda we benýamin tireleriniň urugbaşylary hem-de ruhanylardyr lewileri baryp, Rebbiň Iýerusalimdäki ybadathanasyny bina etmek üçin, ýol şaýlaryny tutup ugradylar. 6 Olaryň töweregindäki ýerli ilat bolsa altyn, kümüş gaplar, emläk, mal-garalar, gymmatbaha zatlar we ýene-de ybadathana üçin meýletin sadakalar hem berip, olara ýardam etdi. 7 Kureş patyşanyň özi Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki Rebbiň ybadathanasyndan äkidip, öz hudaýlarynyň buthanasynda goýan gap--gaçlaryny çykaryp getirdi. 8-10 Kureş patyşa bu zatlary hazynaçy Mitredata çykartdy we ol ähli gap-gaçlary sanap, olary Ýahudanyň häkimi Şeşbasara gowşurdy. Ol zatlar şulardan ybaratdy: otuz altyn okara, müň kümüş okara, ýigrimi dokuz kümüş jam, otuz altyn şakäse, dört ýüz on başga hili kümüş şakäse we müň beýleki gap-gaçlar. 11 Altyndyr kümüşden ýasalan gap-gaçlaryň ählisiniň jemi bäş müň dört ýüzdi. Sürgün edilenler Babyldan Iýerusalime gaýdyp gelenlerinde, Şeşbasar bu gap-gaçlaryň hemmesini öz ýany bilen getirdi.