Ester
Giriş
Ester kitabynda ýahudylaryň Purym baýramynyň şanly seneleriň hataryna goşulmagyna sebäp bolan wakalar beýan edilýär. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu taryhy wakalar Ýahuda ýurdunyň Pars şalygyna degişli bolan döwründe, bu şalygyň b. e. öň 331‑nji ýylda beýik serkerde Isgender Zülkarneýniň tarapyndan basylyp alynmagyň öňüsyrasynda bolup geçýär.
Ýahudylar Pars şalygynda gaty az sanlydylar. Şonuň üçin-de, olar duşmanlaryna baştutanlyk edýän Haman tarapyndan ýok edilme howpy astynda ýaşaýardylar. Ýahudy Mordekaý öz gyzlygy Ester bilen kitabyň baş gahrymanlarydyr. Ester öz gözelligi we oňat gylyk-häsiýetleri bilen Pars patyşasynyň merhemetini gazanyp, şa aýaly bolýar. Patyşanyň aýallarynyň köp bolandygyna garamazdan, Ester onuň iň söýgüli aýalydy. Ester köşkde ýüpek geýip, bal iýse-de, öz halkynyň howp astynda ýaşaýandygyny unutmaýar. Ol elinde baryny edip, öz halkyny duşmanlarynyň hile-pirimlerinden halas edýär.
Kitap Hudaýyň adyny agzamazdan, Oňa doga-dileg edilmezden, ýahudy halkynyň duşmanlaryndan halas bolşuny beýan etmek bilen, Mukaddes Ýazgylaryň beýleki kitaplaryndan tapawutlanýar. Emma Hudaýyň ady gönüden-göni agzalmasa-da, ýahudy Mordekaý we onuň gyzlygy Ester Hudaýyň buýrugyny berjaý edip, agyz beklediler. Şeýdip, olar tutuş ysraýyl halky üçin agyz beklemä we perýada degişli kada-kanunlary dikeltdiler.
Mazmuny
Ester şa aýaly bolýar1:1–2:23
Haman ýahudylary ýok etmegiň küýüne düşýär3:1–5:14
Haman öldürilýär6:1–7:10
Ýahudylar duşmanlaryny derbi-dagyn edýärler8:1–10:3