9-njy bap
Ýahudylar duşmanlaryny derbi-dagyn edýärler
1 On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne patyşanyň tabşyrygy we permany amala aşyrylmalydy. Hut şol gün ýahudylaryň duşmanlary olary ýok etmegi ýüreklerine düwüpdiler, ýöne şol gün olar däl-de, ýahudylar öz duşmanlaryndan üstün çykdylar. 2 Ýahudylar özlerine zyýan ýetirmek isleýänlere gaýtawul bermek üçin, Kserks patyşanyň ähli welaýatlarynda, öz şäherlerinde ýygnandylar. Hiç kim olaryň garşysyna durup bilmedi, çünki ähli adamlaryň üstüne ýahudylar tarapyndan gorky howpy abanypdy. 3 Welaýatlaryň ähli han-begleri, hökümdarlary, häkimleri hem-de patyşanyň iş dolandyryjylary Mordekaýdan gorkularyna ýahudylara ýardam etdiler. 4 Mordekaýyň köşkdäki mertebesi, at--abraýy günsaýyn artyp, şöhraty ähli welaýatlara doldy. 5 Şeýdip, ýahudylar ähli duşmanlaryny gylyçdan geçirdiler, öldürdiler, ýok etdiler. Özlerini ýigrenýänlere islänini etdiler. 6 Ýahudylar Suza galasynda bäş ýüz adamy öldürip, bütinleý ýok etdiler. 7-10 Şeýle hem, olar ýahudylaryň duşmany bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň on ogluny: Parşandatany, Dalpony, Aspatany, Poratany, Adalýany, Arydatany, Parmaştany, Arysaýy, Aridaýy, Waýzatany öldürdiler, emma olar olja el urmadylar. 11 Hut şol günüň özünde Suza galasynda öldürilenleriň sany barada patyşa maglumat berdiler. 12 Patyşa şa aýaly Estere şeýle diýdi: «Ýahudylar Suza galasynda bäş ýüz adamy hem-de Hamanyň on ogluny öldüripdirler. Kim bilýär, olar patyşanyň beýleki welaýatlarynda, gör, nämeler edendirler! Indi näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Ýene näme islegiň bar? Ol ýerine ýetiriler». 13 Ester: «Eger patyşa muny oňlasa, Suzadaky ýahudylara şu günki permany ertir hem ýerine ýetirmäge rugsat etsin. Hamanyň on ogly dardan asylsyn» diýdi. 14 Şeýdip, patyşa munuň şeýle edilmegine buýruk berdi. Suzada perman çykarylyp, Hamanyň on ogly dardan asyldy. 15 Adar aýynyň on dördüne Suzadaky ýahudylar ýygnanyşyp, Suzada üç ýüz adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar. 16 Patyşanyň beýleki welaýatlaryndaky ähli ýahudylar hem öz janlaryny goramak üçin ýygnanyşyp, öz duşmanlaryndan halas boldular, özleriniň duşmanlaryndan ýetmiş bäş müň adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar. 17 Bu waka Adar aýynyň on üçüne boldy. On dördünji güni olar dynç alyp, şol gün toý-meýlis gurup şatlandylar.
 
Purym baýramçylygy
18 Suzadaky ähli ýahudylar on üçünji hem on dördünji günleri ýygnanyşyp, on bäşinji güni toý-meýlis gurup, şatlanyp, dynç aldylar. 19 Şonuň üçin obalarda ýaşaýan ýahudylar Adar aýynyň on dördünji gününi şatlyk, toý-meýlis, baýram güni hökmünde belläp, şol gün olar biri-birlerine toý paý iberýärler. 20 Mordekaý bu zatlary ýazyp, Kserks patyşanyň ýakynda we uzakda ýerleşen welaýatlaryndaky ähli ýahudylara hatlar ýollady. 21-22 Her ýyl Adar aýynyň on dördünji, on bäşinji günlerini ýahudylaryň öz duşmanlaryndan halas bolan günleri hökmünde, özleri üçin gamgynlykdan şatlyga, ýasdan toýa öwrülen aý hökmünde bellemeklerini olara tabşyrdy. Şol gün olar toý-meýlis gurap, şatlanyp, biri-birlerine toý paý iberişip, garyp-gasarlara sowgatlar ibermelidiler. 23 Şeýdip, ýahudylar eýýäm başlan zatlaryny edil Mordekaýyň özlerine ýazyşy ýaly, ýerine ýetirmegi öz üstlerine aldylar.
24 Ähli ýahudylaryň ýirgrenip, agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Haman ýahudylary ýok etmek üçin, olara garşy hile gurapdy, olaryň baryny heläk etmek üçin pur, ýagny bije atypdy. 25 Ýöne Ester patyşanyň huzuryna baranda, patyşa: «Hamanyň ýahudylara garşy guran hilesi onuň öz başyna gelsin hem-de onuň özi we ogullary dardan asylsyn» diýip, ýazmaça perman çykardy. 26-27 Şol sebäpli bu günleri «pur» sözüne görä, Purym diýip atlandyrdylar. Şonuň üçin şu hatda ýazylan ähli zatlar, gören hem-de başlaryna gelen zatlar zerarly, ýahudylar däp-dessurlary dikeltmekligi öz üstlerine aldylar. Olaryň nesilleri we olara goşulanlar her ýyl bu iki güni ýazylyşy we bellenen wagtyndaky ýaly edip yzygiderli geçirmelidiler. 28 Her bir maşgalanyň geljekki nesillerinde, her bir welaýatda, her bir şäherde şu günler ýatlanylyp, bellenilmelidi. Ýahudylaryň arasynda bu Purym günleri yzygiderli bellenilmelidir we şu günler olaryň nesilleriniň arasynda hem ýatdan çykarylmaly däldir. 29 Abyhaýylyň gyzy şa aýaly Ester Mordekaý ýahudy bilen Purym hakyndaky bu ikinji haty doly ygtyýarlylykda tassyklap ýazdylar. 30 Kserksiň höküm edýän ýüz ýigrimi ýedi welaýatyndaky ähli ýahudylara parahatçylykly we ynamly sözler bilen hatlar ýollanyldy. 31 Hatlarda Purym günlerini öz bellenen wagtynda geçirmeklik buýruk berilýärdi. Mordekaý ýahudy bilen şa aýaly Esteriň edil özleri we öz nesilleri üçin agyz beklemä we perýada degişli kada-kanunlary dikeldişleri ýaly, olar indi ýahudylar üçin kada-kanunlary dikeltdiler. 32 Şa aýaly Esteriň buýrugy boýunça, Purym günlerine degişli bolan kada-kanunlar tassyklanylyp, ýazga geçirildi.