150‑nji mezmur
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Ony mukaddes öýünde şöhratlandyryň,
Ony kuwwatly göklerinde şöhratlandyryň!
2 Ony gudratly işleri üçin şöhratlandyryň,
Onuň ajaýyp belentligine laýyk şöhratlandyryň!
3 Ony surnaýlaryň sesi bilen şöhratlandyryň,
arfada we lirada şöhratlandyryň!
4 Deprek kakyp, tans edip, şöhratlandyryň,
kirişli gural, tüýdük çalyp, şöhratlandyryň!
5 Ony owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň,
Ony belent owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň!
6 Burnunda dirilik nepesi bolanlaryň bary,
Rebbi şöhratlandyrsyn!
Rebbe şan-şöhrat bolsun!