149-njy mezmur
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Rebbe täze nagma aýdyň,
sadyklar jemagatynda Oňa öwgüler aýdyň!
2 Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn!
Sion perzentleri Şasyna, goý, begensin!
3 Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn,
deprekde, lirada Oňa mukamlar çalsyn!
4 Çünki Reb Öz halkyndan göwnühoş bolýar,
Ol pespälleri gutulyşa besleýär.
5 Sadyklar aklanyp, goý, beýgelsinler,
düşeklerinde şatlanyp, nagma aýtsynlar.
6 Dillerinde Hudaýa öwgüler bolsun,
ellerinde ikiýüzli gylyçlar bolsun.
7 Olar milletlerden, goý, öç alsynlar,
halklara jeza bersinler.
8 Patyşalaryny zynjyrlasynlar,
asylzadalaryna gandal ursunlar.
9 Olar babatda ýazylan hökümi berjaý etsinler!
Munuň özi sadyklaryň bary üçin hormatdyr.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!