148‑nji mezmur
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Göklerden Rebbi şöhratlandyryň,
belentliklerde Ony şöhratlandyryň!
2 Eý, ähli perişdeleri, Ony şöhratlandyryň!
Eý, ähli gögüň goşunlary, Ony şöhratlandyryň!
3 Eý, Aý we Gün, Ony şöhratlandyryň!
Eý, ähli nurly ýyldyzlar, Ony şöhratlandyryň!
4 Eý, gökleriň gökleri,
eý, gökleriň üstündäki suwlar,
Ony şöhratlandyryň!
5 Goý, olar Rebbi şöhratlandyrsyn!
Çünki Ol buýurdy, olar emele geldi.
6 Reb olary baky, müdimi berkarar etdi,
hiç üýtgemejek bir parzy berdi.
7 Eý, zeminde ýaşaýanlar, Rebbi şöhratlandyryň:
eý, deňiz läheňleri, çuňluklaryň ählisi,
8 eý, ot we doly, gar we duman,
Onuň sözüni berjaý edýän tupan ýelleri,
9 eý, daglar we baýyrlaryň ählisi,
miweli agaçlar, kedr daragtlaryň ählisi,
10 eý, haýwanlar we ähli mal-gara
süýrenijiler we guşlar,
11 eý, ýer ýüzüniň şalary, ähli halklary,
şazadalar, dünýäniň ähli hökümdarlary,
12 eý, ýaş gyzlar hem-de ýigitler,
ýaşulular hem-de çagalar.
13 Goý, olar Rebbiň adyny şöhratlandyrsyn,
çünki diňe Onuň ady beýgeldilendir,
Onuň şan-şöhraty ýerden-gökden belentdir.
14 Ol Öz halkynyň kuwwatyny artdyrdy,
şoňa görä, eý, Onuň ähli sadyklary,
Oňa ýakyn bolan ysraýyl halky,
Rebbe şan-şöhrat bolsun!