147‑nji mezmur
1 Eý, Iýerusalim, Rebbe öwgi aýt!
Eý, Sion, Hudaýyňa şan-şöhrat bolsun!
2 Çünki Ol derwezeleriňiň kiltlerini berkidýär,
galadaky çagalaryňa ak pata berýär.
3 Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär,
saýlama bugdaýdan seni doýurýar.
4 Ol buýruklaryny ýere gönderýär,
Onuň sözi tizlik bilen ýaýraýar.
5 Gar ýagdyryp, ýeri ak ýorgana büreýär,
kül kimin gyrawy Ol sepeleýär.
6 Buzlaryny parçalap, ýere taşlaýar,
Rebbiň aýazyna döz geljek barmy?
7 Ol buýurýar, buzlar ereýär,
ýel ösdürip, suwlar akdyrýar.
8 Ol Ýakup halkyna yglan edýär sözüni,
Ysraýyla – parzlaryny we hökümlerini.
9 Reb başga hiç millete şeýle etmeýär,
olar Onuň adalatly hökümlerini bilmeýär.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!