146-njy mezmur
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Çünki Hudaýymyzy nagma bilen öwmek ýagşydyr,
lezzetlidir, Ol öwgülere laýykdyr.
2 Reb Iýerusalimi bina eýleýär,
Ysraýylyň pytranlaryny jemleýär.
3 Göwni synyklara Ol şypa berýär,
olaryň ýaralaryny daňýar.
4 Ýyldyzlaryň sanyny Ol hasaplaýar,
olaryň ählisini Ol atlandyrýar.
5 Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür,
paýhasynyň hiç çägi ýokdur.
6 Reb pespälleri galdyrýar,
Ol erbetleri ýere pylçaýar.
7 Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň,
Hudaýymyza lirada mukamlar çalyň!
8 Ol gökleri bulutlara büreýär,
toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar,
baýyrlarda gök otlary gögerdýär.
9 Ol haýwanlara,
jüýgüldeşýän garga çagalaryna
olaryň ryskyny berýär.
10 Ol ne bedewiň güýjünden wagtyhoş bolýar,
ne-de urşujynyň aýagyndan keýpi çag bolýar.
11 Reb Özünden gorkýanlardan,
Onuň sadyk söýgüsine umyt baglaýanlardan,
keýpi çag bolýar.