11‑nji bap
Zähmetiň möhümligi
1 Nany suwa at, birnäçe günden ýene ony taparsyň. 2 Emlägiňi ýedi, hatda sekiz kişä paýla, çünki sen bu dünýäde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň. 3 Gara bulut ýagyş ýagdyrýandyr. Günorta ýa demirgazyga tarap ýykylan agaç ýykylan ýerinde galar. 4 Ýele seredýän ekin ekmez; bulutlara bakýan orak ormaz.
5 Ýeliň ýoluny we göwreli enäniň göwresindäki çaga nädip jan girýänini bilmeýşiň ýaly, sen hemme zady ýaradan Hudaýyň işlerini-de bilýän dälsiň.
6 Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň.
Juwanlara maslahat
7 Yşyk gözeldir. Güni görmek gözlere hoş ýakýandyr. 8 Uzak ýyllap ýaşaýanlar hem her bir ýaşan güne şatlansynlar, ýöne köp garaňky günleriň boljakdygyny-da unutmasynlar. Bar bolýan zat biderekdir.