Nagmalar nagmasy
Giriş
Nagmalar nagmasy kitaby adyndan belli bolşy ýaly, iň saýlama, iň gözel nagmalaryň ýygyndysydyr. Bu nagmalaryň käbiri patyşalyk süren Süleýman pygamber tarapyndan ýazylan bolsa, käsi ol barada ýa-da onuň üçin ýazylandyr.
Süleýmanyň pähimleri kitabynda danalygyň zenan keşbinde suratlandyrylyşy ýaly (8:1), bu kitapdaky nagmaçynyň sesi hem zenana degişlidir. Ol öz nagmalarynda söýginiň gözelligini, söýgüli ýarynyň owadanlygyny wasp edýär.
Kitap öwüt-ündew äheňinde ýazylandyr. Ol söýgüli ýarlaryň nikadaky lezzetli gatnaşyklarynyň Hudaý tarapyn ozaldan kesgitlenendigini belleýär. Bu gatnaşyklar lezzetden doly we diýseň ajaýypdyr! Emma käbir adamlar bu nagmalar Hudaý bilen ysraýyl halkynyň ýa-da Isa Mesih bilen imanlylar ýygnagynyň gatnaşyklaryny wasp edýär diýip düşünýärler.
Kitabyň asyl nusgasy ýewreý dilinde ajaýyp goşgular görnüşinde ýazylandyr. Şonuň üçin-de, ol türkmen diline hem mümkin boldugyndan şahyranalyk bilen terjime edildi.
Mazmuny
Birinji nagma1:1–2:7
Ikinji nagma2:8–3:5
Üçünji nagma3:6–5:1
Dördünji nagma5:2–6:3
Bäşinji nagma6:4–8:4
Altynjy nagma8:5-14