7‑nji bap
Gyzyň boýdaşlary:
1 Dolan, eý, şulamly gyz, dolan!
Dolan, saňa bakaly, dolan.
Ýigit:
Iki toparyň tansyna tomaşa edýän deý,
şulamly gyza bakjaksyňyz näme üçin?
2 Ne gözel çarykly aýaklaryň,
eý, asylzada gyzy!
Butlaryň ökde zergäriň
elinden çykan göwher mysaly.
3 Garyşyk şeraply hiç egsilmez
şa käse mysalydyr göbegiň.
Garnyň çigildemlere guşanan
bugdaý topbagyna meňzeýär.
4 Ekiz jeren
owlagyna ogşaýar iki göwsüň.
5 Boýnuň pil süňkünden edilen diň deý,
gözleriň Batrabbim derwezesiniň
ýanyndaky Heşbon howuzlary deý.
Burnuň Damaska bakyp duran
Liwan diňi deý.
6 Başyň Karmel dagy deý dik bolup,
zülpleriň benewşedir,
şa olara bendi boldy.
7 Sen neneňsi gözel, neneňsi hoşroý,
eý, mylakatly dildarym!
8 Boýuň serwi agajyna,
göwüsleriň üzüm salkymlaryna meňzeýär.
9 Serwi agajyna çykyp,
şahalaryndan ýapyşaýyn diýdim.
Göwüsleriň üzüm salkymlary deý,
demiň almalar deý hoşboý,
10 Dodaklaryň saýlama şerap deý lezzet eçilsin.
Gyz:
Şerap ýarym üçin aksyn,
uklap ýatanlaryň dodaklaryndan süzülsin.
11 Men ýarymyňky,
ol maňa maýyl.
12 Eý, ýarym,
giň sähra çykaly, gel;
gel, oba gijelerine seýil edeli.
13 Ir säher üzüm baglaryna gideli,
göreli, gunçalapmy,
gülläpmi üzüm,
hem-de nar.
Şol ýerde yşkymy bagyş ederin saňa.
14 Mandragoralaryň* ysy bark urýar,
gapymyzda täze hem guradylan
dürli saýlama miweler bar,
olary seň üçin sakladym, eý, ýarym.