5‑nji bap
Miwesiz üzümçilik hakda nagma
1 Söýgülime üzümçilik hakdaky
söýgi nagmamy aýdaýyn:
mes toprakly depede
söýgülimiň üzümçiligi bar.
2 Ony agdaryp, daşlardan arassalady,
saýlama üzümler ekdi.
Ortasynda gözegçilik diňini dikdi,
üzüm sykmak üçin çukur gazdy.
Üzüm hasylyna garaşdy,
emma ol ýabany üzüm berdi.
 
3 Indi, eý, Iýerusalim ilaty,
Ýahuda halky!
Men bilen üzümçiligimiň arasynda
kazylyk ediň.
4 Üzümçiligim üçin ýene näme edeýin Men?
Edilmän galdyrylan iş barmy?
Hasylyna garaşanymda,
näme üçin ýabany üzüm berdi?
5 Indi Men size üzümçiligime
näme etjekdigimi aýdaryn.
Men onuň haýadyny aýraryn,
ol weýran ediler;
onuň diwaryny ýykaryn,
ony basgylap zaýalarlar.
6 Ony haraba öwrerin,
ony pudamazlar,
ýeri bejermezler,
onda çalydyr tikenekler biter;
bulutlara-da onuň üstüne
ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.
7 Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi
Ysraýylyň nesilleridir,
hoş görýän bagy-da,
ýahuda halkydyr.
Ol adalata garaşdy,
ýöne zulum gördi;
dogrulyga garaşdy,
ýöne dady-perýat eşitdi.
Adalatsyzlyk edýänleriň dat gününe!
8 Öý üstüne öý,
ýer üstüne ýer
edinýänleriň dat gününe!
Özüňizden başga ýer goýmaýarsyňyz,
ýurtda diňe siz ýaşamalymy näme?
9 Hökmürowan Rebbiň şeýle diýenini eşitdim:
«Beýik hem gözel jaýlar haraba öwrüler,
içinde hiç kim galmaz.
10 Üzümçiligiň on tanap ýeri bir meşik* şerap berer,
on batman* tohum diňe bir batman hasyl berer».
11 Ir turup, çakyr ugrunda ylgaýanlaryň,
giç agşama çenli şerap içip,
möwç alýanlaryň dat gününe!
12 Meýlislerinde liradyr arfa,
deprekdir tüýdük çalnyp, şerap içilýär,
ýöne Rebbiň işlerine üns bermeýärler,
Onuň eliniň işlerini görmeýärler.
13 Munuň üçin halkym nadanlykdan ýesir edilip äkidiler,
at-abraýly adamlary açlykdan öler,
köpleri bolsa teşnelikden gyrlar.
14 Şonuň üçin doýmagy bilmeýän
ölüler dünýäsi
agzyny giňden açdy;
Iýerusalimiň at-abraýlylary,
köplügi, şowhunçylary,
şady-horramlary bu dünýä girerler,
15 Ynsan peseldiler, her kes kiçeldiler,
tekepbir bakyşlar peseldiler.
16 Emma Hökmürowan Reb
adalatlylykda beýgeldiler,
Mukaddes Hudaý dogrulykda
Öz mukaddesligini görkezer.
17 Goýunlar öz örülerindäki ýaly otlarlar,
owlak-guzular
harabalyklaryň arasynda otlarlar.
 
18 Etmişi ýalançylyk ýüpleri bilen,
günäni araba tanaplary bilen
süýreýänleriň dat gününe!
19 Olar: «Goý, Hudaý howluksyn,
işini tiz etsin,
biz-de göreli;
Ysraýylyň Mukaddesiniň niýetläni
tiz amala aşsyn,
biz hem ony bileli».
20 Ýamana ýagşy,
ýagşa ýaman diýýänleriň,
zulmaty nur,
nury zulmat saýýanlaryň,
aja süýji,
süýjä ajy diýýänleriň
dat gününe!
21 Özlerini paýhasly,
düşünjeli saýýanlaryň
dat gününe!
22 Şerap içmekde batyrlaryň,
çakyr garmakda güýçlüleriň,
23 para üçin günäkäri aklaýanlaryň,
dogryny hakyndan mahrum edýänleriň
dat gününe!
Keseki çozuşy öňden aýdylýar
24 Oduň sypaly ýalmaýşy kimin,
gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin,
olaryň köki-de şeýle çüýrär,
gülleri tozan kimin göge sowrular;
çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler,
Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.
25 Munuň üçin Rebbiň gazaby
Öz halkyna garşy lowlaýar,
elini olara garşy uzadyp, jeza berýär;
daglar titreşýär,
maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr,
Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi,
eli entek hem jeza bermäge taýyn.
26 Ol uzakdaky milletlere nyşan iberer,
olary ýeriň aňry ujundan sykylyk bilen çagyrar,
ine, olar dazlap, tizden ýetip gelerler.
27 Içinde ýadawy, büdreýäni bolmaz,
hiç kim irkilmez ýa-da uklamaz,
billeriniň guşagy gowşamaz,
çaryklarynyň bagy üzülmez.
28 Oklary ýitidir,
ýaýlary-da dartylandyr,
atlarynyň toýnaklary
çakmakdaşa meňzeýär,
arabalarynyň tigirleri tüweleýe.
29 Arryldylary arslanyňky deý,
ýaş şirler kimin arlaýarlar;
arlap, awuny tutýarlar,
ony alyp gidýärler,
halas etjek ýok.
30 Şol gün olar awunyň üstünde
deňiz güwwüldisi kimin arlarlar,
kim ýurda nazar salsa,
ine, garaňkylyk hem hasrat;
nur gara bulutlar bilen örtüler.