6-njy bap
Reb Işaýany çagyrýar
1 Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy. 2 Onuň ýokarsynda seraflar* durdy; hersiniň alty ganaty bardy. Olar ganatlarynyň ikisi bilen ýüzlerini, beýleki ikisi bilen aýaklaryny büreýärdiler, galan ikisi bilen-de uçýardylar. 3 Olar biri-birine şeýle diýdi:
«Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir.
Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».
4 Olaryň sesine gapynyň söýeleri sarsdy, Hudaýyň öýi tüsseden doldy. 5 Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».
6 Onsoň seraflaryň biri maňa tarap uçdy. Onuň elinde gurbanlyk sypasyndan ätişgir bilen alnan köräp duran köz bardy. 7 Seraf közi agzyma degrip, şeýle diýdi: «Ine, bu köz dodaklaryňa degdi. Indi ýazyklaryň aýryldy, günäleriňden saplandyň». 8 Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim.
9 Ol şeýle diýdi: «Bar-da bu halka:
„Eşidip dursaňyz-da,
hiç düşünmeýärsiňiz,
seredip dursaňyz-da,
hiç aňlamaýarsyňyz“ diý.
10 Bu halkyň ýüregini kütelt,
gulaklaryny ker et,
gözlerini gap,
gözleri bilen görmesin,
gulaklary bilen eşitmesin,
aňlary bilen aňlamasyn,
Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».
11 Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym.
Ol şeýle jogap berdi:
«Şäherler weýran bolup,
ilatsyz galýançalar,
öýler adamsyz galyp,
ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,
12 Reb hemmeleri uzaklara kowup,
ýurduň içinde terk edilen ýerler köpelýänçä,
13 halkyň ondan biri galsa-da,
ýurt ýene-de ýakylar.
Emma dagdan ýa-da dub çapylanda kökleriniň galyşy kimin,
mukaddes nesil-de ýurtda kök kimin bolar».