Ezekiýel pygamberiň kitaby
Giriş
Ýahudy halky Babyl sürgünliginde bolan döwründe, b. e. öň 593‑nji ýylda Reb Ezekiýel (Kifl) pygamberi çagyrýar. Ezekiýel pygamber muny şeýle beýan edýär:
«Kebar kanalynyň ýakasynda sürgün edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men Hudaýdan gelen görnüşleri gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy ýylynyň dördünji aýynyň bäşine boldy. Bu Ýoýakyn patyşanyň sürgün edilmeginiň bäşinji ýylydy. Dördünji aýyň bäşine babyllylaryň ýurdundaky Kebar kanalynyň ýakasynda Buzynyň ogly Ezekiýel ruhana Rebbiň sözi aýan boldy. Ol ýerde Rebbiň eli onuň üstündedi»
1:1-3.
Ezekiýel hem pygamber, hem ruhanydy. Ol ruhanylaryň neslinden bolup, Hudaýa hyzmat etmäge saýlanylan maşgalada doglupdy. Onuň pygamberlikleri ruhanynyň ýüregini şatlandyrýardy. Olardan ybadathananyň dikeldilmegi baradaky (40 – 43‑nji baplar), ruhanylygyň galkynmagy (44‑nji bap) we Hudaýyň şalygy (45 – 48‑nji baplar) baradaky pygamberlikleri aýratyn belläp geçmek bolar. Ezekiýeliň käbir pygamberlikleri apokaliptik žanrynda ýazylandyr. Şeýle žanrda ýazylan pygamberlikler adaty bolmadyk şekillerden we görnüşlerden ybarat bolýar. Danyýel pygamber bilen Zakarýa pygamberleriň gören görnüşleriniň beýany hem şu žanra degişlidir.
Ezekiýel pygamberiň kitabynda Hudaý köplenç Hökmürowan Reb diýip atlandyrylýar. Bu at ilkinji gezek 2:4-de duş gelýär. Ýewreý dilinde bu Adonaý Ýahwe diýmegi aňladýar. Adonaý sözi adatça Taňry, Ýahwe – Reb diýip terjime edildi. Emma bu sözleriň utgaşyp gelen ýagdaýlarynda Hökmürowan Reb diýip terjime edildi.
Mazmuny
Reb Ezekiýel pygamberi çagyrýar1:1–3:27
Iýerusalimiň ykbaly baradaky pygamberlik4:1–24:27
Reb milletleri höküm edýär25:1–32:32
Reb Öz halkyna wada berýär33:1–37:28
Hökümdar Goga garşy pygamberlik aýdylýar38:1–39:29
Gelejekki ybadathana we ýurt baradaky görnüşler40:1–48:35