Hoşeýa pygamberiň kitaby
1‑nji bap
1 Ýahudada Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň hem Hizkiýanyň, Ysraýylda Ýehowaş ogly Ýarobgamyň patyşalyk eden döwründe, Beýeriniň ogly Hoşeýa Rebbiň sözi aýan boldy.
Ysraýyl biwepalyk edýär
2 Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy:
Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen.
Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer.
Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.
3 Onsoň Hoşeýa gidip, Diblaýymyň gyzy Gomere öýlendi. Ol göwreli bolup, Hoşeýa üçin bir ogul dogurdy. 4 Reb oňa aýtdy:
«Ogluň adyna Ýizregel* dak,
çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin,
Ýehunyň nesline jeza bererin,
Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.
5 Şol gün Ýizregel deresinde
Ysraýylyň ýaýyny döwerin».
6 Gomer ýene-de göwreli bolup, gyz dogurdy.
Reb Hoşeýa aýtdy: «Gyzyň adyna Loruhama* dak,
çünki mundan buýana Ysraýyl öýüne rehim edip günälerini geçmerin.
7 Ýahuda öýüne welin rehim ederin.
Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de,
özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».
«Adyna Logammy* dak.
Çünki siz-ä Meniň halkym däl,
Menem siziň Hudaýyňyz däldirin.
Ysraýyl Hudaý bilen ýaraşýar
10 Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz
we möçbersiz köp bolar.
Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde,
„siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.
11 Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer,
özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler.
Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».