Ýowel pygamberiň kitaby
Giriş
Ýowel pygamber barada aýdara maglumat az bolup, onuň haçan ýaşandygy anyk mälim däldir. Çaklamalara görä, Ýowel pygamberiň kitaby b. e. öň V ýa-da IV asyra, ýagny Pars patyşalygynyň dünýä agalyk süren döwrüne degişlidir. Pygamber süri-süri çekirtgeleriň elhenç çozuşyny we ondan soň Palestina ýurduna düşen gurakçylygy suratlandyrýar. Ol çekirtgeler tymsalynda Rebbiň gününiň golaýlaýandygynyň nyşanyny görýär. Pygamber Hudaýyň emrine garşy çykýanlaryň Rebbiň gününde jezalandyryljakdygy barada pygamberlik edýär. Ol Hudaýyň adamlary toba etmäge çagyrýandygyny aýdýar. Hudaý Öz halkyny galkyndyryp, ony ýalkajakdygyny wada edýär. Ol ähli adamlaryň: erkeklerdir aýallaryň, ýaşlardyr garrylaryň üstüne Öz Ruhuny dökjekdigini Ýowel pygamber arkaly aýdýar (2:28-38).
Giriş
Çekirtgeler belasy1:1–2:17
Galkynyş wadasy2:18-27
Rebbiň güni2:28–3:21