Ýowel pygamberiň kitaby
1‑nji bap
1 Petuwalyň ogly Ýowele Rebbiň şu sözi aýan boldy:
Leşger hüjüm edýär
2 Eý, ýaşulular, diňläň siz muny,
siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty:
siziň günleriňizde ýa atalar döwründe,
heý-de, bolupmydy şular ýaly zat?
3 Siz muny ýetiriň çagalaryňyza,
olar hem aýtsyn öz çagalaryna,
olaryň çagalary-da indiki nesle.
4 Ýumurtgadan çykan çekirtgeden artan hasyly
ganat baglamadyk çekirtge iýdi.
Ondan artany ganat baglan çekirtge iýdi,
ganat baglan çekirtgeden artan hasyly
gemriji çekirtge sürüsi iýdi.
5 Eý, serhoşlar, aýňalyň-da, aglaň siz,
täze şerap üçin nalaň, ony içýänler,
çünki täze şerap agzyňyzdan kesildi.
6 Sebäbi meniň topragyma ummasyz,
güýçli bir leşger çozdy;
arslanyňky ýaly onuň dişleri,
ene ýolbarsyňky deý gyýyk dişleri.
7 Ol weýran etdi üzüm şahalarymy,
çapym-çapym etdi injir agaçlarymy,
şahalarynyň gabygyny sypyryp,
ýere taşlady;
üzüm şahalary-da agaryp galdy.
8 Söýgüli adaglysyny ýitirip,
jul geýnen gyz kimin ah çekip, nala!
9 Rebbiň öýünden kesildi indi
galla hem-de içgi sadakalary.
Rebbe hyzmat edýän ruhanylar
tutýarlar ýasy.
10 Meýdanlar boşady, toprak aglaýar,
çünki weýran boldy onuň gallasy.
Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy.
11 Eý, daýhanlar, arpa-bugdaý üçin gamlanyň,
üzüm bagbanlary, ses edip aglaň,
çünki weýran boldy meýdan gallasy,
12 gurap galdy üzüm agajy,
solup galdy injir agajy.
Nar, alma, hurma –
meýdandaky baglaryň gurady bary.
Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy.
13 Eý, ruhanylar, jul guşanyň, ýas tutuň!
Eý, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler,
dat-perýat ediň!
Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri,
gijäňizi jul içinde geçiriň!
Çünki galla, içgi sadakalary
kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.
14 Agyz beklemäge belläň siz wagty,
jar ediň mukaddes ýygnanyşygy.
Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny
ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne
hem-de Rebbe dat-perýat ediň.
15 Dat ol güne!
Çünki Rebbiň güni ýakyndyr.
Gudratygüýçlüden
Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.
16 Eýsem gözümiziň alnynda iýjegimiz,
Hudaýymyzyň öýünden-de
şatlykdyr bagtyýarlyk kesilmeýärmi?
17 Tohumlar çüýredi kesek astynda,
ammarlar hem gugaryp galdy,
galla ammarlary çagşap dagady,
çünki galla ekinleri hasyl bermedi.
18 Mal-gara neneňsi zaryn yňranýar!
sygyr sürüleri yranyp barýar,
çünki olar üçin ýokdur ýaýlalar;
goýun sürüleri-de ysgyndan düşen.
19 Ýa Reb, Saňa dat-perýat edýän,
çünki ýaýlalary ot ýalmap ýuwutdy,
meýdan agaçlarynyň baryny
ýalyn köýdürdi.
20 Saňa perýat edýär hatda çöl haýwanlary,
çünki gurap galdy suw akarlary,
ot hem ýalmap ýuwutdy gök ýaýlalary.